Logótipo YouVersion
Ícone de pesquisa

Müsürden çykyş 2

2
2‑nji bap
Musa dogulýar
1Şol wagtlar lewilerden bir adam öz tiresinden bir gyza öýlendi. 2Onuň aýaly göwreli bolup, bir ogul dogurdy, ol çagasynyň ýakymlyjadygyny görüp, ony öýünde üç aý gizläp saklady. 3Ol aýal çagasyny mundan artyk gizlin saklap bilmejekdigine göz ýetirip, onuň üçin gamyşdan örülen sebet aldy-da, onuň daşyny suw geçmez ýaly şepbik bilen örtdi. Ol çagany şol sebediň içinde ýatyryp, ony derýanyň gyrasyndaky suwda ösüp oturan gamyşlaryň arasynda ýerleşdirdi. 4Jigisine näme bolarka diýip, çaganyň gyz dogany hem uzakdan seredip durdy.
5Şol wagt faraonyň gyzy derýa suwa düşmäge geldi. Onuň kenizleri bolsa derýanyň kenarynda aýlanyp ýördüler. Birdenkä faraonyň gyzy gamyşlaryň arasyndaky sebedi görüp, ony getirmäge kenizleriň birini iberýär. 6Faraonyň gyzy sebedi açyp görse, ine, onuň içinde bir çaga aglap ýatyr. Onuň çaga ýüregi gyýlyp: «Bu ýewreý çagalarynyň biridir» diýýär. 7Soňra çaganyň gyz dogany faraonyň gyzynyň ýanyna gelip: «Men gidip, çagany emdirer ýaly ýewreý aýallaryndan birini çagyraýynmy?» diýýär. 8Faraonyň gyzy: «Çagyraý» diýýär. Şeýdip, ol gyz gidip, çaganyň öz ejesini alyp gelýär. 9Faraonyň gyzy ol aýala: «Şu çagany äkit-de, muňa enekelik et. Men seniň hakyňy tölärin» diýýär. Şeýlelikde, bu aýal çagany äkidip, oňa enekelik edýär. 10Çaga ösüp kemala gelende, ol ony faraonyň gyzynyň ýanyna getirýär we faraonyň gyzy ony özüne ogullyga alýar. Ol: «Men muny suwdan çykardym» diýip, onuň adyna Musa#2:10 Ýewreýçe Musa we çykardym sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. dakýar.
Musa Midýana gaçyp gutulýar
11 Musa ýigit çykandan soň, bir gün öz halky bolan ýewreýleriň arasyna aýlanmaga çykdy we olaryň agyr iş zerarly çekýän jebrini gördi. Ol bir müsürliniň öz halkyndan bolan bir ýewreýi ýenjip duranyny gördi. 12Musa eýlesine-beýlesine göz gezdirdi, hiç kime gözi düşmänsoň, ol ýaňky müsürlini öldürdi we onuň jesedini çägä gömüp gizledi. 13Ertesi güni ol aýlanmaga çykanda, iki sany ýewreýiň öz aralarynda urşup duranlaryny gördi we olaryň günälisiniň ýanyna baryp: «Näme üçin sen öz ýewreýiňi urýarsyň?» diýip sorady. 14Ol adam: «Kim seni biziň üstümizden hökümdar ýa kazy edip goýdy? Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni hem öldürmekçimiň?» diýdi. Mundan soň Musa gorkdy we ol: «Meniň eden işim eýýäm aýan bolupdyr» diýip pikir etdi. 15Faraon bu hakda eşidip, Musany öldürtmegiň küýüne düşdi. Emma Musa gaçyp, Midýan ýurdunda ornaşdy.
Bir gün Musa bir guýynyň başynda otyrdy. 16Midýan ruhanysynyň ýedi gyzy bardy. Şol wagt olar guýa gelip, öz kakalarynyň sürüsini suwa ýakmak üçin nowalary suwdan doldurdylar. 17Şonda beýleki çopanlar gelip, ol gyzlary kowdular, emma Musa bu gyzlara arka durup, olaryň sürüsini suwa ýakmaga kömekleşdi. 18Gyzlar öýlerine kakalary Reguwalyň#2:18 Reguwal – Reguwalyň beýleki ady Ýitro. Seret: Msr 3:1. ýanyna gelenlerinde, olaryň kakasy: «Nädip siz bu gün öňkiňizden ir gelip bildiňiz?» diýip sorady. 19Gyzlar: «Şu gün bizi bir müsürli adam çopanlardan gorady, ol hatda biziň sürimizi suwa ýakmaga hem kömek etdi» diýdiler. 20Ol gyzlaryna: «Hany, ol adam nirede? Näme üçin siz ony taşlap gaýtdyňyz? Ony çagyryň, biziň bilen duz-çörek iýsin» diýdi. 21Şeýlelikde, Musa bu adamyňkyda ýaşamaga razylaşdy we ol öz gyzy Syporany Musa durmuşa çykardy. 22Sypora Musa bir ogul dogrup berdi. Musa: «Men bir ýat ýurtda gelmişek boldum» diýip, onuň adyna Gerşom#2:22 Ýewreýçe Gerşom we gelmişek sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. dakdy.
23Köp wagtyň geçmegi bilen Müsür patyşasy dünýäden ötdi. Ysraýyllar bolsa heniz hem gulçulykda ezilýändiklerinden nalap, kömek sorap perýat etdiler. Olaryň zulum astynda edýän ahy-nalasy Hudaýa baryp ýetdi. 24Hudaý olaryň nalyşyny eşitdi we Ol Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähtini ýadyna saldy. 25Hudaý ysraýyllara nazar salyp, olaryň hal-ahwallarynyň nähilidigine düşündi.

Atualmente selecionado:

Müsürden çykyş 2: TukLat16

Destaque

Partilhar

Copiar

None

Quer salvar os seus destaques em todos os seus dispositivos? Faça o seu registo ou inicie sessão