Logótipo YouVersion
Ícone de pesquisa

Müsürden çykyş 25

25
25‑nji bap
Mukaddes öý üçin sadakalar
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyllara aýt, Maňa sadaka bersinler. Meniň üçin her bir adamyň öz göwnünden çykaryp beren sadakasyny kabul ediň. 3Olardan kabul edip almaly sadakalaryňyz şulardyr: altyn, kümüş, bürünç; 4gök, badam, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr mata, geçi ýüňi; 5goçuň eýlenen derisi, saýlama deri, akasiýa agajy; 6çyra üçin zeýtun ýagy, mesh ýagy üçin we ýakymly ysly tütetgi üçin hoşboý ysly zatlar; 7efoda#25:7 Efot – baş ruhanynyň ýeňsiz üstki geýimi. Sözlüge seret. we gursakça dakmak üçin hakyk we başga gymmatbaha gaşlar. 8Men olaryň arasynda ýaşar ýaly, Maňa mukaddes öý gursunlar. 9Mukaddes çadyr we onuň ähli esbaplary Meniň size görkezme berşim ýaly gurulsyn.
Äht sandygy
10Akasiýa agajyndan sandyk ýasasynlar. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini we beýikligi bir ýarym tirsek bolsun. 11Onuň içini-de, daşyny-da sap altyna gaplap, onuň daş-töweregine altyndan jähek salsynlar. 12Sandyk üçin dört sany altyn halka ýasap, olary onuň dört aýagyna: ikisini bir tarapyna, beýleki ikisini beýleki tarapyna dakyň.
13Akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplaň. 14Sandygy özüňiz bilen göterip äkider ýaly, syryklary onuň gapdallaryndaky halkalardan geçiriň. 15Syryklar sandygyň halkalarynda galsyn we ondan aýrylmasyn. 16Meniň saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy hem sandykda goýarsyň.
17Soňra sap altyndan gapak ýasasynlar. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini bolsa bir ýarym tirsek bolsun. 18Gapagyň her iki ýan çetinde döwme altyndan iki sany kerup#25:18 Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret. ýasat. 19Keruplaryň birini gapagyň bir çetinde, beýlekisini beýleki çetinde ýerleşdirsinler. Olary gapagyň her ýan çetinde goýup, gapak bilen bir bitewi edip berkitdir. 20Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp dursun. Olaryň ýüzleri biri-birine bakyp, göni gapaga tarap seredip dursunlar. 21Saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy sandygyň içinde goýup, gapagy hem onuň üstünden goý. 22Äht sandygynyň üstündäki, gapagyň ýokarsyndaky iki sany kerubyň aralygynda Men seniň bilen duşuşaryn we ysraýyllar üçin ähli buýruklarymy saňa bererin.
Hantagta
23Akasiýa agajyndan hantagta ýasat. Onuň uzynlygy iki tirsek, ini bir tirsek we beýikligi bir ýarym tirsek bolsun. 24Ony sap altyna gapla we daş-töweregine altyndan jähek salsynlar. 25Hantagtanyň gyralaryna dört barmak giňlikde gurşaw etdir we gurşawyň daş-töweregine altyndan jähek saldyr. 26Hantagta üçin altyndan dört sany halka ýasat. Halkalary onuň dört künjündäki dört aýagyna berkitsinler. 27Hantagtany göterip äkider ýaly halkalardan geçen syryklary gurşawa ýakyn ýerleşdirsinler. 28Syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary altyna gapla. Hantagta şu syryklar bilen göterilmelidir. 29Ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, sadaka hökmünde şerap bermek üçin küýzeler we şakäseler ýasat. Olar sap altyndan bolsun. 30Hemişe hantagtanyň üstünde Maňa hödür çöregini goý.
Çyradan
31Sap altyndan çyradan ýasat. Çyradanyň esasy we şahasy döwme sap altyndan bolsun. Çyradanyň gülkäsesi, gül-gunçasy we gülýapragy özi bilen bir bitewi bolsun. 32Çyradanyň her gapdalyndan üç şaha çykyp, onuň jemi alty şahasy bolsun. 33Şahalarda badam gülüniň şekilinde gülkäse bolsun. Gül-gunçasy bilen gülýapragyny hem ýasaň. Beýleki şahalarda hem hut şunuň ýaly bolsun, umuman, alty şahanyň hemmesini bir meňzeş edip ýasaň. 34Çyradanyň ortasyndaky şahada badam gülüne meňzeş dört sany gülkäse bolup, olaryň hem gül-gunçasy we gülýapragy bolsun. 35Her jübütiň astynda bir gunça bolup, hemmesi bilelikde jemi alty şaha çyksyn. 36Çyradanyň gunçalaryny we şahalaryny bir bitewi edip ýasat. Onuň tutuş özi döwme sap altyndan ýasalsyn. 37Çyradan üçin ýedi çyra dak. Çyralar çyradanyň öňüne ýagty saçar ýaly, olary onuň depesine dak. 38Onuň müçenegi we nowasy sap altyndan bolsun. 39Çyradan we oňa degişli ähli enjamlar bir ýarym batman#25:39 Bir ýarym batman – ýewreýçe bir kikkar. Bu takm. 34 kg deňdir. sap altyndan ýasalsyn. 40Ine, sen bularyň hemmesini dagda saňa görkeziljek nusganyň esasynda ýasarsyň.

Atualmente selecionado:

Müsürden çykyş 25: TukLat16

Destaque

Partilhar

Copiar

None

Quer salvar os seus destaques em todos os seus dispositivos? Faça o seu registo ou inicie sessão