Logótipo YouVersion
Ícone de pesquisa

Müsürden çykyş 28

28
28‑nji bap
Ruhany geýimleri
1 Ysraýyllaryň arasyndan agaň Haruny we onuň ogullaryny öz ýanyňa al. Harun we onuň ogullary Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar Maňa ruhany bolup hyzmat etsinler. 2Agaň Harunyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly, oňa ruhany geýimlerini tik. 3Meniň ukyp beren ökde ussalarymyň hemmesine aýt: Meniň ruhanym bolmaga Harunyň bagyş edilmegi üçin, onuň ruhany geýimlerini tiksinler. 4Olaryň tikjek geýimleri şulardan ybarat: gursakça, efot, don, nagyşly uzyn köýnek, selle we guşak. Agaň Harunyň we onuň ogullarynyň Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, bu ruhany geýimleri tikeniňizde, 5altyn, gök, badam, gyrmyzy ýüplük we nepis zygyr mata ulansynlar.
6Ukyply ökde ussalar efody altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tiksinler. 7Her iki ujuny biri-birine baglaýan iki sany eginbagy bolup, ol hem berkidilsin. 8Efodyň ýüzündäki nagyşly kemer hem edil efodyň tikilişi ýaly tikilsin, ol altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikilsin. 9Iki sany hakyk daşyny al we olaryň ýüzüne Ysraýylyň on iki oglunyň adyny oýup ýaz. 10Olaryň dogluş tertibi boýunça altysynyň adyny bir daşa, beýleki altysynyň adyny başga bir daşa oýup ýaz. 11Nakgaşlaryň oýup möhür basyşy ýaly, Ysraýylyň ogullarynyň atlaryny şu iki daşa oýup ýaz. Olary altyn öýjüklere oturt. 12Ysraýylyň ogullary üçin ýatlama bolar ýaly, bu iki daşy efodyň eginbagyna dak. Rebbiň huzurynda ýatlanar ýaly, Harun olaryň atlaryny iki egninde göterip gezsin. 13Gaşlar üçin altyndan iki sany öýjük ýasa. 14Sap altyndan ýüplük ýaly tow berlen iki sany zynjyr ýasa we şol örme zynjyrlary gaş öýjüklere berkit.
15Inçe nagyşlar bilen höküm gursakçasyny tik. Ony efot ýaly edip, altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tik. 16Gursakça iki gat bolup, uzynlygy bir garyş, ini hem bir garyş, dörtburç bolsun. 17Gursakçanyň ýüzüne dört hatar gaş dak. Birinji hatarda goýy gyzyl, sary, zümerret gaşlary; 18ikinji hatarda pöwrize, gök ýakut, almaz; 19üçünji hatarda mämişi, ak we goňur ýakut, goýy gyrmyzy ýakut; 20dördünji hatarda altyn-sary, hakyk we ýaşyl gaşlar bolsun. Olar altyn gaş öýjüklere oturdylsyn. 21Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna görä, gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylsyn. 22Gursakça üçin sap altyndan ýüplük ýaly tow berlen zynjyrlar ýasa. 23Gursakça üçin altyndan iki sany halka ýasa we olary onuň ýokarky iki ujuna dak. 24Örme iki altyn zynjyry gursakçanyň ujundaky iki halkadan geçir. 25Zynjyrlaryň beýleki iki ujuny iki gaş öýjügine, efodyň öň tarapyndaky eginbaglara berkit. 26Altyndan ýene iki sany halka ýasap, olary gursakçanyň aşaky iki içki ujuna, efodyň içki gatyna dak. 27Altyndan başga ýene iki sany halka ýasap, olary efodyň öň tarapyndaky eginbagynyň aşaky bölegine berkit. Olar efodyň nagyşly kemeriniň ýokarsynda ýerleşsin. 28Gursakça efotdan sallanyp gaçmaz ýaly, onuň halkalary gök ýüp bilen efodyň halkalaryna daňylsyn. Şonda gursakça efodyň nagyşly kemeriniň ýüzünde durar. 29Şeýlelikde, Harun mukaddes otaga girende, ýüzünde Ysraýylyň ogullarynyň atlary ýazylan bu höküm gursakçasyny ýüreginiň üstünden dakyp barsyn. Şonda Men Reb halkymy hemişe ýatlap duraryn. 30Höküm gursakçada Urymy we Tummymy#28:30 Urym we Tummym – Hudaýyň islegini bilmek üçin ruhanylar tarapyndan ulanylan iki sany daş. Sözlüge seret. goý. Harun Meniň huzuryma gelende, olary ýüreginiň üstünden dakyp gelsin. Meniň huzurymda Harun hemişe hökümimi ysraýyllara ýetirip gezer.
31 Efodyň aşagyndan geýilýän dony gök matadan tik. 32Onuň ortasyndan kelle girip-çykar ýaly açyk ýer bolsun. Bu açyk ýeri ýyrtylmaz ýaly, oňa gyýa aýla. 33Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden naryň şekillerini ýasap, olary donuň etegine dak. Nar şekilleriniň arasynda altyndan edilen jaňjagazlar bolsun. 34Şeýdip, nar şekilleri we altyn jaňjagazlar biri-biri bilen başaşa düzülsin. 35Harun hyzmat edýän wagty bu dony geýsin. Ol Meniň huzuryma mukaddes otaga girende-çykanda jaňjagazlaryň sesi eşidilip dursun. Şonda ol ölmez. 36Sap altyndan bezeg şaýyny ýasa. Möhür dek, onuň ýüzüne „Rebbe bagyş edilen“ diýen sözleri oýup ýaz. 37Bu bezegi gök sapak bilen selläniň öň tarapyna berkit. 38Harun muny maňlaýyna daksyn. Bu Meniň üçin nyşan bolar: ysraýyllar Maňa bagyşlap getiren sadakalary babatda günä edenlerinde, bu günä Harunyň üstünde bolar. Şonuň üçin-de, Harun bu bezegi hemişe maňlaýyna daksyn, şonda olar Meniň huzurymda ýalkanarlar.
39Nepis zygyr matadan nagyşly uzyn köýnek we selle tik. Nagyşlar bilen keşdelenen bil guşagyny hem tik.
40Harunyň ogullarynyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly olara köýnekler, bil guşaklar we baş daňylar tik. 41Bulary agaň Haruna we onuň ogullaryna geýdir. Olar Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, olaryň başlaryna ýag guýup belle we Maňa bagyş et. 42Ýalaňaç ýerlerini ýapar ýaly, olara nepis zygyr matadan bilinden buduna ýetip duran iç geýimlerini tik. 43Harun we onuň ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra hyzmat etmek üçin girenlerinde ýa-da mukaddes ýerdäki gurbanlyk sypasynyň ýanyna baranlarynda bu geýimleri geýsinler. Şeýtseler, günäni öz üstlerine almazlar we ölmezler. Bu Harun üçin we onuň soňky nesilleri üçin ebedilik düzgün bolsun.

Atualmente selecionado:

Müsürden çykyş 28: TukLat16

Destaque

Partilhar

Copiar

None

Quer salvar os seus destaques em todos os seus dispositivos? Faça o seu registo ou inicie sessão