Logótipo YouVersion
Ícone de pesquisa

Müsürden çykyş 30

30
30-njy bap
Ýakymly ysly tütetgi üçin sypa
1Ýakymly ysly tütetgi üçin akasiýa agajyndan sypa ýasa. 2Onuň uzynlygy-da, ini-de bir tirsek bolup, ol dörtburç bolsun. Onuň beýikligi iki tirsek bolup, çykyp duran burçlary bilen bile tutuş bir bitewi edilsin. 3Onuň depesini, ähli taraplaryny we burçlaryny sap altyna gapla. Onuň daş-töweregine altyndan jähek çek. 4Onuň üçin altyndan iki sany halka ýasa we olary jähegiň aşagyndan biri-birine garşy edip, iki tarapyna dak. Sypany göterip gider ýaly, ol halkalardan syryklar geçir. 5Syryklary akasiýa agajyndan ýasa we olary altyna gapla. 6Sypany Äht sandygynyň ýanyndan asylgy tutynyň öňünde ýerleşdir. Ony Äht sandygynyň gapagynyň dogrusynda goý, çünki Men ol ýerde seniň bilen duşuşaryn. 7Her gün irden Harun çyrany arassalap ýaglamaga gelende, bu sypanyň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýaksyn. 8Ol agşam çyrany ýakmaga gelende-de şeýle etsin. Siz bu ýakymly ysly tütetgini Meniň huzurymda hemişe nesilme-nesil etmelisiňiz. 9Bu sypada başga hiç hili tütetgi ýakylmasyn, ýakma gurbanlygy ýa-da galla sadakasy berilmesin we onuň üstüne içgi sadakasy guýulmasyn. 10Ýylda bir gezek Harun onuň burçlarynda günäden saplanma gurbanlygyny bersin. Günäden saplanmak üçin öldürilen malyň ganyny döküp, ýylda bir gezek nesillerboýy günä gurbanlygyny ber. Sypa Rebbe bagyş edilendir».
Mukaddes çadyr üçin salgyt
11Reb Musa şeýle diýdi: 12«Ysraýyllaryň hasabyny almak üçin, ilat sanawyny geçir. Hasaba alnanlaryň hemmesi öz jany üçin Maňa töleg tölesin. Şonda töleg töläp hasaba alnan adamlaryň başyna hiç hili bela inmez. 13Ine, hasaba alnanlaryň tölemeli zady: mukaddes öýüň resmi ölçegi boýunça ýarym şekel kümüş. Bir şekel iki mysgala#30:13 Iki mysgal – ýewreýçe ýigrimi gera. Bu takm. 10 gr deňdir. deňdir. Maňa sadaka hökmünde ýarym şekel kümüş bersinler. 14Hasaba alnanlaryň ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlaryň her biri şu mukdarda Maňa sadaka bersin. 15Baýam, garybam şol ýarym şekeli tölesin. Töleg şundan az-da bolmasyn, köp-de. Siz şu sadakany Maňa bereniňizde, günäňizden saplanarsyňyz. 16Ysraýyllaryň günälerinden saplanmagy üçin, olardan pul ýygna we ony Maňa ýüz tutulýan çadyryň hyzmaty üçin sarp et. Jany üçin töleýän tölegi Meniň huzurymda ysraýyllara ýatlama bolar».
Bürünç legen
17Reb Musa ýene-de şeýle diýdi: 18«Ýuwunmak üçin bürünçden legen ýasa. Onuň sütüni hem bürünçden bolsun. Ony Maňa ýüz tutulýan çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň ortasynda goý we içine suw guý. 19Şol suw bilen Harun we onuň ogullary ellerini we aýaklaryny ýuwsunlar. 20Olar Maňa ýüz tutulýan çadyra girenlerinde ýa-da gurbanlyk sypasynda ot üsti bilen Maňa gurbanlyk bermäge gelenlerinde, şol suw bilen ýuwunsynlar. Şonda olar ölmezler. 21Olar şol suw bilen ellerini, aýaklaryny ýuwsunlar, şonda olar ölmezler. Bu Harun üçin we onuň nesilleri üçin arkama-arka gaýtalanýan ebedilik düzgün bolsun».
Mesh ýagy
22Reb Musa şeýle diýdi: 23«Ine, şu iň gowy hoşboý ysly zatlary al: ýarym put#30:23 Ýarym put – ýewreýçe bäş ýüz şekel. Bu takm. 6 kg deňdir. mukdarda suwuk mür, çärýek put#30:23 Çärýek put – ýewreýçe iki ýüz elli şekel. Bu takm. 3 kg deňdir. mukdarda ýakymly ysly dalçyn we ýene-de çärýek put mukdarda hoşboý ysly gamyş, 24ýarym put mukdarda hindi dalçynyny al. Bularyň hemmesi mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçensin we dört küýze#30:24 Dört küýze – ýewreýçe bir hin. Bu takm. 4 litre deňdir. zeýtun ýagyny al. 25Ussatlyk bilen garyp, bulardan mesh ýagyny ýasa. Bu mukaddes mesh ýagydyr. 26-28Maňa ýüz tutulýan çadyra, Äht sandygyna, hantagta we onuň ähli enjamlaryna, çyradana we onuň ähli enjamlaryna, tütetgi sypasyna, ýakma gurbanlyk sypasyna we onuň ähli enjamlaryna, legene we onuň sütünine şu ýagy sepele. 29Olary mukaddes et, şonda olar iň mukaddes zatlar bolar. Olara galtaşan hem mukaddes bolar. 30Haruny we onuň ogullaryny ruhanylarym bolup hyzmat etmekleri üçin, başlaryna ýag guýup, Maňa bagyş et. 31Ysraýyllara aýt: Bu siziň üstüňiz bilen nesilme-nesil geçýän Meniň mukaddes mesh ýagymdyr. 32Bu mesh ýagyny adaty bedeniňize guýmak üçin ulanmaly däldir, başga her hili zatlar bilen garyşdyrmaly däldir. Bu mukaddesdir we siziň üçin hem mukaddes bolmalydyr. 33Ruhanydan başga kimde-kim şonuň ýaly atyr ýasasa we biriniň üstüne guýsa, öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar».
Tütetgi
34Reb Musa şeýle diýdi: «Hoşboý ysly zatlary: balzamy, onikany, galbanumy we ýakymly ysly tütetgini al. (Bularyň hemmesi deň möçberde bolsun.) 35Atyr ýasaýjy garyp, olardan hoşboý ysly tütetgi ýasa. Oňa duz hem goş, ol sap we mukaddes bolsun. 36Onuň bir bölegini külkeläp, siziň bilen duşuşýan ýerim bolan Äht sandygynyň öňündäki Maňa ýüz tutulýan çadyrda goý. Bu siziň üçin iň mukaddes bolar. 37Şu usul bilen özüňiz üçin tütetgi taýýarlamaň. Muny Men-Rebbe bagyş edilen hasaplaň. 38Kim muny atyr hökmünde ulansa, öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar».

Atualmente selecionado:

Müsürden çykyş 30: TukLat16

Destaque

Partilhar

Copiar

None

Quer salvar os seus destaques em todos os seus dispositivos? Faça o seu registo ou inicie sessão