Logótipo YouVersion
Ícone de pesquisa

Müsürden çykyş Giriş

Giriş
Müsürden çykyş kitabynda Ysraýylyň taryhyndaky iň wajyp waka beýan edilýär. Bu kitapda ysraýyl halkynyň gul bolup ýaşan ýurdy Müsürden çykyp gaýdyşy gürrüň berilýär. Kitap üç bölümden ybarat:
1) Musa pygamberiň çagyrylmagy we ýewreýleriň gulçulykdan azat edilmegi (1 – 13‑nji baplar). Hudaý Musa pygambere ýanyp duran çalyda görnüp, ony çagyrýar. Hudaý Özüni oňa Ýahwe, ýagny Mendirin ady bilen aýan edýär (Msr 3:14-15). Bu at Köne Äht kitabynda Hudaýyň iň möhüm ady bolup, ol köplenç «Reb» diýip terjime edildi. Musa pygamber Hudaýyň buýrugyna görä faraondan ysraýyl halkyny azat etmegi talap edýär. Emma faraon ondan boýun towlandan soň, Reb Müsüriň başyna on sany betbagtçylyk getirmegi Musa tabşyrýar. Ahyrsoňy, faraon ysraýyllara Müsürden gitmäge rugsat berýär.
2) Ysraýyllaryň Sinaý dagyna ýörişi (14 – 18‑nji baplar). Faraon ysraýyllary azat etmek pikirinden dänip, öz goşunyna olary yzyna gaýtarmagy buýurýar. Emma Reb ysraýyllary gorap, Müsür goşunyny weýran edýär. Ysraýyl halky bolsa çölüň içi bilen ýoluny dowam etdirýär. Reb olary azyk hem suw bilen üpjün edýär.
3) Sinaý dagynda Hudaýyň Öz halky ysraýyl bilen eden ähti. Hudaý ysraýyllara ýaşaýyş üçin ahlak, dini kanunlary we raýat hukuklaryny berýär. Şeýle hem Hudaý Ysraýyla ybadat öýüniň gurluşygy we enjamlaşdyrylyşy, ruhanylar we olaryň Rebbi Hudaýa ybadat etmek baradaky kanunlary berýär (19 – 40-njy baplar).
Kitabyň baş gahrymany Musa pygamberdir. Ol Hudaýyň halkyny Müsürden alyp çykmak üçin Reb tarapyndan saýlanylýar. Kitabyň ýigriminji babynda beýan edilýän On tabşyryk onuň iň meşhur bölümidir (20:1-17).
Mazmuny
Müsür gulçulygy1:1-22
Musa pygamberiň dogluşy we ýaşlyk döwri2:1–4:31
Musa we Harun Müsür faraonynyň öňünde5:1–11:10
Pesah we Müsürden çykyş12:1–15:21
Gyzyl deňizden Sinaý dagyna tarap ýöriş15:22–18:27
Kanun we Äht19:1–24:18
Mukaddes çadyr we sežde etmek üçin düzgünler25:1–40:38

Destaque

Partilhar

Copiar

None

Quer salvar os seus destaques em todos os seus dispositivos? Faça o seu registo ou inicie sessão