Logótipo YouVersion
Ícone de pesquisa

Gelip çykyş 16

16
16-njy bap
Hajar we Ysmaýyl
1 Ybramyň aýaly Seraý oňa çaga dogrup bermedi. Seraýyň Hajar atly müsürli bir gyrnagy bardy. 2Bir gün Seraý Ybrama: «Sered-ä, Reb meni çaga dogurmakdan saklady. Sen meniň gyrnagym bilen ýat. Belki, ol maňa çaga dogrup berer» diýdi. Ybram Seraýyň sözüne gulak asdy. 3Şeýdip, Seraý müsürli gyrnagy Hajary öz adamsy Ybrama aýallyga berdi. (Bu waka bolup geçende, Ybram Kenganda on ýyl ýaşapdy.)
4 Ybram Hajar bilen ýatdy we Hajar göwreli boldy. Hajar özüniň göwrelidigini bilenden soň, öz bikesine ýigrenç bilen seretdi. 5Seraý Ybrama: «Meniň mertebämiň peselmegine sen sebäp bolduň! Öz gyrnagymy seniň goýnuňa beren mendirin. Ol özüniň göwrelidigini bileni bäri maňa ýigrenç bilen seredýär. Ikimizden haýsymyzyň mamladygymyzy, goý, Reb çözsün» diýdi.
6 Ybram Seraýa: «Gyrnagyň öz eliňde. Sen oňa islän zadyňy et» diýdi. Şunlukda, Seraý Hajara juda ýowuz daraşyp ugrady. Hajar ondan gaçyp gitdi.
7-8Rebbiň perişdesi Hajary çöl içindäki, Şur ýolundaky suw gözbaşyndan tapdy. Ol ondan: «Eý, Seraýyň gyrnagy Hajar, nireden gelip, nirä barýarsyň?» diýip sorady. Hajar: «Bikäm Seraýdan gaçyp barýaryn» diýip jogap berdi. 9Rebbiň perişdesi Hajara: «Bikäň ýanyna dolan-da, oňa tabyn bol» diýdi. 10Rebbiň perişdesi sözüni dowam edip, Hajara: «Seniň nesliňi şeýle bir köpelderin welin, hatda olary sanap-da bolmaz.
11Sen häzir göwreli; seniň bir ogluň bolar.
Sen onuň adyna Ysmaýyl dakarsyň,
çünki Reb seniň ahy-nalaňy eşitdi#16:11 Ýewreýçe Ysmaýyl we Reb eşidýär sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir..
12Ol gulan ýaly bir adam bolar.
Ol her kese, her kes hem oňa garşy bolar.
Ol öz doganlarynyň hiç biri bilen oňuşmaz».
13«Men, hakykatdan-da, özüme üns berýän Hudaýy gördüm» diýip, Hajar özi bilen gepleşen Rebbi «Görýän Hudaý» diýip atlandyrdy. 14Şoňa görä-de Kadeş bilen Berediň arasyndaky ol guýy «Beýer-lahaýroý»#16:14 Beýer-lahaýroý – bu sözler maňa üns berýän Diriniň guýusy diýmegi aňladýar. diýip atlandyrylandyr.
15Hajar Ybrama bir ogul dogrup berdi. Ybram oglunyň adyna Ysmaýyl dakdy. 16Hajar Ysmaýyly dogranda, Ybram segsen alty ýaşyndady.

Atualmente selecionado:

Gelip çykyş 16: TukLat16

Destaque

Partilhar

Copiar

None

Quer salvar os seus destaques em todos os seus dispositivos? Faça o seu registo ou inicie sessão