Logótipo YouVersion
Ícone de pesquisa

Gelip çykyş 26

26
26-njy bap
Yshak Gerarda mesgen tutýar
1Ýurda Ybraýymyň döwründäki ýaly başga bir açlyk düşdi. Yshak Gerara, piliştlileriň şasy Abymelegiň ýanyna gitdi. 2-3Reb Yshaga görnüp, oňa şeýle diýdi: «Sen Müsüre gitmän, Meniň saňa görkezjek ýurdumda gelmişek bolup ýaşaber. Men seniň bilen bolaryn we seni ýalkaryn. Şu ýurdy tutuşlygyna Men saňa hem seniň nesliňe berjekdirin we ataň Ybraýyma eden wadamy ýerine ýetirjekdirin. 4-5Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar. Ybraýymyň Maňa gulak asandygy, Meniň özüne beren buýruklarymy, tabşyryklarymy, düzgünlerimi we kanunlarymy ýerine ýetirendigi üçin, Men seniň nesilleriňi asman ýyldyzlary deý köpelderin. Bu ýurdy tutuşlygyna Men seniň nesilleriňe bererin».
6Şeýdip, Yshak Gerarda düşledi. 7Ol ýeriň adamlary Yshakdan onuň aýaly hakynda soranda, ol «bu meniň aýalym» diýmäge gorkup, olara «bu meniň aýal doganym» diýdi. Yshak Rebeka sebäpli bu ýeriniň halky özüni öldürer öýdýärdi, çünki Rebeka juda owadandy. 8Onuň bu ýerde ýaşap ýörenine esli wagt bolupdy. Bir gün piliştlileriň patyşasy Abymelek, Yshagyň aýaly Rebeka bilen oýnaşyp durandygyny penjireden gördi. 9Abymelek Yshagy öz ýanyna çagyryp, oňa: «Bu seniň aýalyň ahyryn! Sen näme üçin oňa „aýal doganym“ diýdiň?» diýip sorady. Yshak Abymelege: «Ol meniň aýalym diýsem, men öldürilerin öýtdüm» diýip jogap berdi. 10Abymelek oňa: «Näme üçin sen beýtdiň? Biziň adamlarymyzdan biri seniň aýalyňa ýanaşaýan bolsa, onda sen bizi günä goýardyň» diýdi. 11Soňra Abymelek: «Şu adama ýa-da onuň aýalyna degeniň başy ölümlidir» diýip, tutuş halka duýduryş berdi. 12Yshak ol ýurtda ekin ekip, şol ýylda hem ýüz esse artyk bugdaý hasylyny aldy, çünki Reb ony ýalkapdy. 13Yshak gitdigisaýy baýap, döwletli adam boldy. 14Onuň süri-süri ownukly-irili mallary we köp sanly hyzmatkärleri bardy. Şol sebäpli hem piliştliler Yshaga görübilmezçilik etdiler. 15Kakasy Ybraýymyň öz döwründe gullaryna gazdyran ähli guýularyny piliştliler toprakdan dolduryp, gömüp taşladylar. 16Onsoň Abymelek Yshaga: «Bu ýerden git, çünki sen bizden zor çykdyň» diýdi. 17Yshak ol ýerden gidip, Gerar jülgesine baryp, şol ýerde çadyryny dikip ornaşdy. 18Yshak kakasy Ybraýymyň döwründe gazylyp, ol ölenden soň piliştliler tarapyndan gömlen guýulary täzeden gazyp, olary kakasynyň dakan atlary bilen atlandyrdy. 19-20Emma Yshagyň gullary jülgede guýy gazyp, ol ýerde bir gözbaşyny tapanlarynda, Geraryň çopanlary «suw biziňki» diýip, Yshagyň çopanlary bilen dawalaşdylar. Şeýdip, Yshak guýyny Esek#26:19-20 Esek – bu söz bäsdeşlik diýmegi aňladýar. diýip atlandyrdy, çünki olar Yshak bilen bäsdeşlik etdiler. 21Soňra olar başga bir guýy gazdylar. Ol-da dawaly boldy. Ol guýyny Yshak «Sitna»#26:21 Sitna – bu söz duşmançylyk diýmegi aňladýar. diýip atlandyrdy. 22Yshak ol ýerden göçdi we ýene-de bir guýy gazdy, ýöne oňa dawa eden bolmady, şol sebäpden hem ol: «Ahyrsoňy Reb bize giň meýdan berdi, indi biz bu ýurtda örňäris» diýip, soňky guýynyň adyna Rehobot#26:22 Rehobot – bu söz giňlik diýmegi aňladýar. dakdy. 23Yshak ol ýerden Beýerşeba gitdi. 24Şol gije Reb Yshaga görnüp: «Men seniň ataň Ybraýymyň Hudaýydyryn. Gorkma, Men seniň bilen biledirin. Men Öz gulum Ybraýymyň hatyrasyna saňa pata bererin hem seniň nesliňi köpelderin» diýdi. 25Yshak ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbe ybadat etdi. Şol ýerde çadyryny dikdi. Onuň gullary bolsa guýy gazdylar. 26Onsoň Yshagyň ýanyna Gerardan Abymelek, Abymelegiň maslahatçysy Ahuzat hem onuň harby serkerdesi Pikol geldi. 27Yshak olara: «Siz meni ýigrenip, öz ýurduňyzdan kowup goýberip, ýene meniň ýanyma gelýärmisiňiz?» diýdi. 28-29Olar Yshaga şeýle jogap berdiler: «Rebbiň seniň bilen biledigine biziň gözümiz ýetdi. Şoňa görä biziň saňa ýagşylykdan başga hiç zat etmän, el gatman, seni parahatlyk bilen goýberişimiz ýaly, seniň-de bize ýamanlyk etmezligiň üçin özara ant içişip, şertnama baglaşaly diýdik. Indi Reb seni ýalkasyn». 30Yshak myhmanlary hezzetledi. Olar iýip-içdiler. 31Olar ir bilen turup, özara ant içişdiler. Yshak olary ugratdy. Myhmanlar Yshagyň ýanyndan razy bolup gaýtdylar. 32Şol gün Yshagyň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip, öz gazan guýulary hakynda oňa gürrüň berdiler. Olar Yshaga: «Biz suw tapdyk» diýdiler. 33Yshak guýa «Şeba»#26:33 Şeba – bu söz ant diýmegi aňladýar. diýip at dakdy. Şoňa görä-de bu galanyň adyna şu günki güne çenli Beýerşeba#26:33 Beýerşeba – bu söz ant guýusy diýmegi aňladýar. diýlip gelinýär.
Ysawyň keseki aýallary
34Ysaw kyrk ýaşyna ýetende, het Beýeriniň gyzy Ýehudyt we het Eýlonyň gyzy Bosmata öýlendi. 35Bu gelinler Yshak bilen Rebekany janyndan doýurdylar.

Atualmente selecionado:

Gelip çykyş 26: TukLat16

Destaque

Partilhar

Copiar

None

Quer salvar os seus destaques em todos os seus dispositivos? Faça o seu registo ou inicie sessão