Logótipo YouVersion
Ícone de pesquisa

Gelip çykyş 28

28
28‑nji bap
1 Yshak Ýakuby öz ýanyna çagyryp, oňa pata hem tabşyryk berip, şeýle diýdi: «Sen het gyzlaryna öýlenme! 2Sen Padanarama, babaň Betuweliň öýüne git-de, şol ýerde daýyň Labanyň gyzlaryndan birine öýlen. 3Goý, Gudratygüýçli Hudaý seni ýalkap, örňedip, köpeltsin. Goý, Ol senden ençeme halklar döretsin. 4Hudaýyň Ybraýyma beren ýurduny özümiziň häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýurdumyzy eýelemegiň üçin, goý, Ol saňa we seniň nesilleriňe Ybraýyma beren patasyny bersin!» 5Şondan soň Yshak Ýakuby iberdi. Ýakup Betuwel mesopotamiýalynyň ogly, Ýakubyň we Ysawyň ejesi Rebekanyň dogany Labanyň ýanyna Padanarama gitdi.
Ysaw başga aýala öýlenýär
6-7Yshagyň Ýakuba pata berip, Padanaramdan birine öýleneri ýaly, ony ol ýere iberendigini we «kengan gyzlaryna öýlenme!» diýip, Ýakuba tabşyryk berendigini we onuň kakasydyr ejesiniň sözüne gulak asyp, Padanarama gidendigini Ysaw eşitdi. 8-9Ysaw Kengan gyzlaryny kakasynyň halamaýandygyny bilip, Ysmaýylyň ýanyna gitdi we beýleki aýallarynyň üstüne Ybraýymyň ogly Ysmaýylyň gyzy, Nebaýotyň aýal dogany Mahalata öýlendi.
Ýakup Beýtelde düýş görýär
10 Ýakup Beýerşebadan çykyp, Harana tarap gitdi. 11Gün ýaşanda, ol bir ýerde düşledi. Ol bir daşy ýassanyp, şol ýerde ýatdy. 12Ýakup düýşünde ýerden asmana uzalyp gidýän basgançaklary gördi. Hudaýyň perişdeleri şol basgançaklardan ýokary çykyp, aşak düşüp ýörmüşler. 13Basgançaklaryň çür başynda duran Reb şeýle diýýär: «Ataň Ybraýymyň we Yshagyň Hudaýy Reb Mendirin. Şu ýatan topragyňy Men saňa we seniň nesliňe bererin. 14Seniň nesliň ýer ýüzüniň çägeleri kimin san-sajaksyz bolar. Olar gündogara, günbatara, demirgazyga hem-de günorta ýaýrarlar. Ýer ýüzüniň ähli halklary sen arkaly hem-de nesliň arkaly pata alarlar. 15Men hemişe seniň bilen biledirin. Sen nirede bolsaň-da, Men seni goraryn we seni ýene-de şu ýurda gaýtaryp getirerin. Men seni terk etmerin we saňa beren wadamy ýerine ýetirerin». 16Ýakup oýanyp: «Hakykatdan-da, Reb şu ýerde. Men muny bilmändirin!» diýdi. 17Ol gorkup: «Bu nähili gorkunç ýer! Bu Hudaýyň öýi, gögüň derwezesi» diýdi. 18Ýakup daň bilen turdy we kellesiniň aşagyna goýup ýatan uly daşyny alyp, ony ýadygärlik hökmünde dikdi we onuň üstüne zeýtun ýagyny guýdy. 19Ýakup bu ýere «Beýtel»#28:19 Beýtel – bu söz Hudaýyň öýi diýmegi aňladýar. diýip at dakdy. Bu gala ozal Luz diýip atlandyrylýardy. 20-21Ol soňra ant içip, şeýle diýdi: «Eger Hudaý meniň ýene-de sag-aman atamyň öýüne dolanyp gelerim ýaly, meniň bilen bile bolup, meni ýolda gorap, maňa iýmäge nan, geýmäge eşik berse, onda Reb meniň Hudaýym bolar. 22Ýadygärlik diken bu dikme daşymy Hudaýyň öýi diýip hasaplaryn. Eý, Hudaý, Seniň maňa beren her bir zadyň ondan birini men Saňa bererin».

Atualmente selecionado:

Gelip çykyş 28: TukLat16

Destaque

Partilhar

Copiar

None

Quer salvar os seus destaques em todos os seus dispositivos? Faça o seu registo ou inicie sessão