Logótipo YouVersion
Ícone de pesquisa

Gelip çykyş 30

30
30-njy bap
1Rahel Ýakuba çaga dogrup bermändigini görende, ol öz aýal doganyna göriplik etdi. Ol Ýakuba: «Maňa-da çaga ber, ýogsam, men ölerin» diýdi. 2Ýakubyň muňa gahary gelip: «Hudaý seni çagadan mahrum edýär. Men Hudaýmy näme?!» diýdi. 3Rahel oňa: «Gyrnagym Bilha bilen ýat. Goý, ol maňa senden ogul dogrup bersin. Şeýdip, Bilhanyň üsti bilen men hem çagaly bolaýyn» diýdi. 4Ol öz gyrnagy Bilhany Ýakuba aýallyga berdi; Ýakup onuň bilen ýatdy. 5Bilha göwreli bolup, Ýakuba bir ogul dogrup berdi. 6Onsoň Rahel: «Hudaý meni aklady, Ol, hakykatdanam, meniň dilegimi eşidip, maňa bir ogul berdi» diýip, oglanyň adyna Dan#30:6 Ýewreýçe Dan we aklawçy sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. dakdy. 7Raheliň gyrnagy Bilha ýene-de göwreli bolup, Ýakuba ikinji ogul dogrup berdi. 8Rahel: «Doganym bilen juda çynlakaý göreşdim we ýeňdim» diýip, oglunyň adyna Naftaly#30:8 Ýewreýçe Naftaly we men göreşdim diýen sözleminiň aýdylyşy meňzeşdir. dakdy.
9Leýa özüniň dogurmakdan galandygyna göz ýetirip, öz gyrnagy Zilpany Ýakuba aýallyga berdi. 10Leýanyň gyrnagy Zilpa Ýakuba bir ogul dogrup berdi. 11Leýa: «Meniňki şowuna boldy» diýip, oglunyň adyna Gat#30:11 Gat – bu söz şowlulyk diýmegi aňladýar. dakdy. 12Leýanyň gyrnagy Zilpa Ýakuba ikinji ogul dogrup berdi. 13Leýa: «Men bagtlydyryn! Gyzlar maňa bagtly diýerler» diýip, ikinji oglunyň adyna Aşer#30:13 Aşer – bu söz bagtly diýmegi aňladýar. dakdy.
14Bugdaý oragy döwründe bir gün Ruben ekin meýdanyna gitdi we ol ýerden selmelek köklerini#30:14 Selmelek kökleri – söýgi hyjuwyny artdyrýan ösümlikler. tapdy. Ruben ony ejesi Leýa getirip berdi. Rahel Leýanyň ýanyna gelip, oňa: «Ogluňyň getiren selmelek köklerinden maňa-da ber» diýdi. 15Leýa oňa: «Ärimi elimden alanyňy az görüp, indi oglumyň getiren selmelek köklerini-de alsam diýýärmiň?» diýdi. Rahel oňa: «Bolýar, selmelek kökleriniň deregine Ýakup şu gije seniň bilen ýataýsyn» diýdi. 16Agşamara Ýakup meýdandan gaýdyp gelýärkä, Leýa onuň öňünden çykyp: «Sen bu gije meniň ýanyma gir. Oglumyň getiren selmelek kökleri bilen seniň şu gijelik kireýiňi töledim» diýdi. Ýakup şol gije Leýa ýanaşdy. 17Hudaý Leýanyň dilegini eşitdi. Leýa göwreli bolup, Ýakuba bäşinji ogul dogrup berdi. 18Leýa: «Bu – öz gyrnagymy adamyma berenim üçin, Hudaýyň maňa beren muzdudyr» diýip, oglanyň adyna Ysakar#30:18 Ýewreýçe Ysakar we muzd sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. dakdy. 19Leýa ýene göwreli bolup, Ýakuba altynjy ogul dogrup berdi. 20Leýa: «Hudaý maňa ajaýyp sowgat etdi. Indi adamym maňa hormat goýar, çünki men oňa alty ogul dogrup berdim» diýip, altynjy oglunyň adyna Zebulun#30:20 Ýewreýçe Zebulun we hormat sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. dakdy. 21Ol soňra bir gyz dogurdy we onuň adyna Dina dakdy. 22Hudaý Raheli ýatdan çykarmandy. Ol Raheliň dilegini eşidip, onuň ýatgysyny açdy. 23Rahel göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol: «Hudaý meniň aýybymy aýyrdy. 24Goý, Reb maňa ýene-de ogul bersin!» diýip, onuň adyna Ýusup#30:24 Ýewreýçe Ýusup we ýene-de bersin diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir. dakdy.
Ýakup Laban bilen söwdalaşýar
25 Ýusup doglandan soň, Ýakup Labana şeýle diýdi: «Meni goýber, men öz mekanyma, öz ýurduma gideýin. 26Meniň saňa nähili hyzmat edendigimi seniň özüň bilýänsiň. Men aýallarymdyr çagalarym üçin zähmet çekdim. Şonuň üçin sen olary maňa ber. Indi men gideýin». 27Laban oňa: «Men saňa bir zat aýdaýyn. Men Rebbiň özümi sen sebäpli bereketli edendigini pal üsti bilen bildim. 28Saňa näçe tölemelidigini aýt, men tölärin» diýdi. 29Şonda Ýakup oňa şeýle diýdi: «Meniň saňa nähili hyzmat edendigimi, dowarlaryňyň meniň döwrümde nähili köpelendigini sen özüň bilýänsiň. 30Meniň gelmezimden öň, seniň dowarlaryň sany azdy, olar men gelenimden soň köpeldi. Meniň aýak basan ýerimde#30:30 Meniň aýak basan ýerimde – ýa-da Men sebäpli., Reb saňa bereket berdi. Indi men öz hojalygym üçin haçan işläýin?» 31Laban oňa: «Men saňa näme bereýin?» diýdi. Ýakup: «Maňa hiç zat gerek däl. Eger sen meniň şu maslahatymy alsaň, onda men seniň dowarlaryňy ýene-de bakyp, olara göz-gulak bolaryn. 32Şu gün sen ähli sürülere aýlanyp, tegmiltli ýa-da menekli goýunlary, geçileri, gara guzulary sürüden aýyr. Olar meniň hyzmat hakym bolar. 33Soň sen şol berenleriňi görmäge geleniňde, meniň dogruçyldygymy görersiň. Eger meniň sürimde tegmiltsiz ýa-da meneksiz geçiler we gara däl goýunlar tapylaýsa, şonda sen olary ogurlyk hasaplap bilersiň». 34Laban: «Bolýar, goý, seniň diýşiň ýaly bolsun» diýdi. 35Emma şol günüň özünde Laban ala-mula we menekli erkeçleriň, tegmiltli we menekli, şeýle hem ak gatyşygy bolan geçileriň ählisini we gara goýunlaryň baryny sürüden çykaryp, öz ogullarynyň gözegçiligine berdi. 36Soňra Laban üç günlük ýola barabarlykda Ýakupdan arany açdy. Ýakup Labanyň beýleki galan sürüsini bakmagyny dowam etdirdi.
37 Ýakup derek, badam hem-de çynar agaçlarynyň öl çybyklaryny alyp, olaryň gabygyny ýol-ýol aýranda ak zolaklar peýda boldy. 38-39Ol zolakly çybyklary dowarlaryň öňünde suw içýän nowalaryna salyp goýdy. Dowarlar nowalardan suw içmäge gelenlerinde, çybyklaryň öňünde goça gelip, bogaz boldular we ala-mula, tegmiltli hem-de menekli owlak-guzulary guzladylar. 40Ýakup guzularyny aýry saklap, olary Labanyň ala-mula we gara dowarlarynyň garşysynda bakýardy. Şeýdip, Ýakup özüne süri edindi we ony Labanyň sürüsine goşmady. 41Sagdyn dowarlar goça gelenlerinde, çybyklaryň öňünde goça gelerleri ýaly, Ýakup çybyklary hemişe olaryň öňünde nowalarda goýardy. 42Hor dowarlar goça gelende bolsa Ýakup olaryň öňünde çybyk goýmaýardy. Şunlukda, sagdyn dowarlar Ýakubyňky, hor dowarlar Labanyňky bolýardy. 43Şeýdip, Ýakup juda baýady. Indi onuň süri-süri dowarlary, gul-gyrnaklary, düýeleri hem eşekleri bardy.

Atualmente selecionado:

Gelip çykyş 30: TukLat16

Destaque

Partilhar

Copiar

None

Quer salvar os seus destaques em todos os seus dispositivos? Faça o seu registo ou inicie sessão