Logótipo YouVersion
Ícone de pesquisa

Gelip çykyş 32

32
32‑nji bap
Ýakup Ysaw bilen duşuşyga taýynlanýar
1 Ýakup öz ýoly bilen gidip barýarka, Hudaýyň perişdeleri ony garşylady. 2Ýakup olary görüp: «Bu Hudaýyň düşelgesi» diýdi. Şeýdip, Ýakup ol ýeri Mahanaýym#32:2 Mahanaýym – bu söz iki düşelge diýmegi aňladýar. diýip atlandyrdy.
3-4 Ýakup Edom ýurdunyň Segir diýilýän ýerine, dogany Ysawyň ýanyna habarçy ýollap: «Meniň jenabym Ysawa şeýle diýiň» diýip, öz habarçylaryna şu sözleri aýtmaklygy buýurdy: «Seniň guluň Ýakup şeýle diýýär: „Men Labanyňkyda şu wagta çenli gelmişek bolup ýaşadym. 5Men ençeme öküzli, eşekli, dowarly hem gul-gyrnakly boldum. Seniň göwnüňi taparym ýaly, men saňa habar ýollaýaryn“». 6Habarçylar Ýakubyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar: «Biz seniň doganyň Ysawyň ýanyna bardyk. Ol seni garşylamaga gelýär. Onuň ýanynda dört ýüz adam bar» diýdiler. 7-8Muny eşidip, Ýakup juda gorkdy. Ol öz ýanyndan: «Eger Ysaw bir toparyň üstüne çozup, ony basyp alaýanda-da, beýleki topar gutular» diýip, öz adamlaryny, ownukly-irili mallaryny hem düýelerini iki topara böldi.
9Soňra Ýakup şeýle dileg etdi: «Eý, maňa: „Öz ýurduňa, öz dogan-garyndaşlaryňyň arasyna dolan, Men saňa ýagşylyk ederin“ diýen Rebbim, atam Ybraýym bilen kakam Yshagyň Hudaýy! 10Men Seniň sadyk söýgiňe we wepalylygyňa mynasyp däldirin. Iordan derýasyndan geçenimde, elimdäki hasamdan başga zadym ýokdy. Indi bolsa men iki toparyň eýesi boldum. 11Ýalbarýaryn, meni öz doganym Ysawyň elinden halas et! Men onuň gelip, biziň hemmämizi, çagalary hem olaryň ejelerini öldürerinden gorkýaryn. 12Sen maňa: „Men saňa ýagşylyk ederin, seniň nesliňi deňiz ýakasyndaky san-sajaksyz çägeler deý köpelderin“ diýipdiň».
13-15 Ýakup ol gijäni şol ýerde geçirdi. Özünde bar bolan mallardan iki ýüz geçi bilen ýigrimi erkeji, iki ýüz goýun bilen ýigrimi goçy, otuz sany köşekli saglyk düýäni, kyrk sygyr bilen on öküzi we ýigrimi sany urkaçy eşek bilen on sany erkek eşegi öz dogany Ysawa sowgat etmek üçin saýlap aldy. 16Ýakup olary aýry-aýry sürüler edip, öz gullarynyň öňüne saldy we olara: «Menden öňde ýöräň we her süriniň arasynda çäk saklaň» diýip tabşyrdy. 17-18Ýakup olaryň ilkinjisine şeýle tabşyryk berdi: «Doganym Ysaw öňüňden çykyp: „Sen kimiň adamy? Ugruň nirä? Öňüňdäki süri kimiňki?“ diýip sorasa: „Bular guluň Ýakubyňky. Ýakup bulary öz jenaby Ysawa sowgat iberdi. Yzymyzdan onuň özi-de gelýär“ diýiň». 19Ýakup ikinji, üçünji guluna, sürüleriň yzyna düşüp giden ähli gullaryna-da şol bir tabşyrygy berip: «Ysawa duşanyňyzda, hut şol bir sözleri aýdarsyňyz. 20Şeýle hem siz: „Guluň Ýakup-da yzdan gelýär“ diýersiňiz» diýdi. Çünki Ýakup öz ýanyndan: «Şu öňden ugradýan sowgatlarym bilen men Ysawyň ýüregini ýumşadaryn. Soňra men onuň bilen ýüzbe-ýüz görşerin. Ol, belki, meni kabul eder» diýip oýlandy. 21Şeýdip, Ýakup sowgatlary özünden öň iberip, şol gijäni düşelgede geçirdi.
Ýakup göreş tutýar
22Şol gije Ýakup turup, iki aýalyny, iki gyrnagyny hem-de on bir çagasyny alyp, Ýabok derýasynyň güzerinden geçdi. 23Olary derýanyň aňyrsyna geçirenden soň, Ýakup ýanyndaky mal-mülkleriniň ählisini hem derýanyň aňyrsyna iberdi. 24Ýakubyň ýeke özi galdy. Tä daň şapagy dogýança, bir kişi bilen göreş tutdy. 25Ýakubyň baş bermeýändigini görensoň, ol kişi Ýakubyň uýlugynyň oýjugyna urup, onuň uýlugyny ýazdyrdy. 26Ol Ýakuba: «Daň şapagy dogup gelýär, meni goýber!» diýdi. Ýakup oňa: «Tä maňa pata berýänçäň, men seni goýbermerin» diýdi. 27Ol adam Ýakupdan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol: «Ýakup» diýip jogap berdi. 28Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp#32:28 Ysraýyl… göreş tutuşyp – ýewreýçe Ysraýyl we Hudaý bilen göreş tutuşýar diýen sözleminiň aýdylyşy meňzeşdir., olardan üstün çykdyň» diýdi. 29Ýakup ondan: «Seniň adyň näme?» diýip sorady. Ol: «Meniň adymy näme üçin soraýarsyň?» diýip, şol ýerde Ýakuba pata berdi. 30Ýakup ol ýeri «Peniýel»#32:30 Ýewreýçe Peniýel we Hudaýyň ýüzi diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir. diýip atlandyrdy. Ýakup: «Çünki men Hudaýy ýüzbe-ýüz görübem, diri galdym» diýdi. 31Ýakup Peniýelden#32:31 Peniýel – ýewreýçe Penuwel. Bu Peniýeliň beýleki adydyr. çykyp barýarka, Gün dogdy. Ol uýlugyna deglendigi sebäpli agsaýardy. 32(Ysraýyllar henize çenli uýlukdaky siňri iýmeýärler, çünki Hudaý Ýakubyň uýlugyndaky siňre degipdi.)

Atualmente selecionado:

Gelip çykyş 32: TukLat16

Destaque

Partilhar

Copiar

None

Quer salvar os seus destaques em todos os seus dispositivos? Faça o seu registo ou inicie sessão