Logótipo YouVersion
Ícone de pesquisa

Gelip çykyş 36

36
36-njy bap
Ysawyň nesilleri
1Ysawyň, ýagny Edomyň nesilleri şulardyr. 2-3Ysaw Kengan gyzlaryna öýlendi. Ol het Eýlonyň gyzy Ada, hiwi Sibgonyň ogly Ananyň gyzy Oholybama hem-de Ysmaýylyň gyzy, Nebaýotyň aýal dogany Bosmata öýlendi. 4Ada Ysawa Elipazy, Bosmat Reguwaly, 5Oholybama bolsa Ýeguşy, Ýaglamy we Korany dogrup berdi. Ine, şular Ysawyň Kengan ýurdundaka doglan ogullarydyr.
6Ysaw aýallaryny, ogul-gyzlaryny, hojalygyndakylaryň ählisini, mallaryny hem-de Kenganda gazanan ähli emlägini alyp, dogany Ýakubyň ýanyndan aýrylyp, başga ýere gitdi. 7Olaryň maly juda köpdi. Şeýle bolansoň, olar bir ýerde ýaşap biljek däldiler, olaryň dowarlaryna öri darlyk edýärdi. 8Ysaw, ýagny Edom Segir daglygynda ýaşady. 9Segir daglygyndaky edomlaryň atasy bolan Ysawyň nesilleri şulardyr. 10Olaryň atlary şeýledir: Ysawyň aýaly Adadan bolan ogly Elipaz, Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan ogly Reguwal. 11Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Gatam we Kenaz. 12Timna Ysawyň ogly Elipazyň gyrnak aýalydy. Ol Elipaza Amalegi dogrup berdi. Bular Ysawyň aýaly Adadan bolan nesilleridir. 13Reguwalyň ogullary: Nahat, Zera, Şamma we Miza. Bular Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan nesilleridir. 14Ysawyň aýaly Oholybama Sibgonyň agtygy, Ananyň gyzydy. Oholybama Ysawa şu ogullary: Ýeguşy, Ýaglamy we Korany dogrup berdi.
15-16Ysawyň nesillerinden dörän urugbaşylar şulardyr: Ysawyň nowbahar ogly Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Kenaz, Kora, Gatam we Amalek. Şular Elipazyň Edom ýurdundaky ogullarydyr; olar Ysawyň Adadan bolan ogullarydyr. 17Ysawyň ogly Reguwalyň ogullary şulardyr: urugbaşylar Nahat, Zera, Şamma, Miza. Bular Reguwalyň Edom ýurdundaky ogullarydyr. Olar Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan ogullarydyr. 18Ysawyň aýaly Oholybamadan bolan ogullary: Ýeguş, Ýaglam, Kora. Bular Ysawyň Ananyň gyzy Oholybamadan bolan ogullarydyr. 19Bularyň hemmesi Ysawyň, ýagny Edomyň ogullarydyr. Olar urugbaşylardyr.
20-21Hory tiresinden Segiriň ogullary şulardyr: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Eser we Dişan. Olar ýurduň ýaşaýjylarydyr we horylaryň urugbaşylarydyr. Bular Segiriň Edom ýurdundaky ogullarydyr. 22Lotanyň ogullary şulardyr: Hory, Homam. Timna Lotanyň aýal doganydy. 23Şobalyň ogullary: Alwan, Manahat, Eýbal, Şepo, Onam. 24Sibgonyň ogullary: Aýa, Ana (ol kakasynyň eşeklerini bakyp ýörkä, çölde gyzgyn suwly çeşmeleri tapdy). 25Ananyň çagalary: Dişon we gyzy Oholybama. 26Dişonyň ogullary: Hemdan, Eşban, Ýytran, Keran. 27Eseriň ogullary: Bilhan, Zagawan, Akan. 28Dişanyň ogullary: Us, Aran. 29-30Segir ýurdundaky uruglaryna görä hory urugbaşylary şulardyr: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Eser, Dişan.
Edom patyşalary
31 Ysraýyllara hiç bir patyşa şalyk etmezden öň Edom ýurdunda höküm süren patyşalar şu aşakdakylardyr. 32Begoryň ogly Bala Edomda patyşalyk etdi. Onuň paýtagt galasynyň ady Dinhabady. 33Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy. 34Ýobap dünýäden ötüp, onuň ýerine teýmanly Huşam patyşa boldy. 35Huşam dünýäden ötüp, onuň ýerine Mowap topragynda midýanlary ýeňen, Bedatyň ogly Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Awytdy. 36Hadat dünýäden ötüp, onuň ýerine masrekaly Samla patyşa boldy. 37Samla dünýäden ötüp, onuň ýerine Ýewfrat derýasynyň boýundaky Rehobotdan bolan Şawul patyşa boldy. 38Şawul dünýäden ötüp, onuň ýerine Akboryň ogly Bagalhanan patyşa boldy. 39Akboryň ogly Bagalhanan dünýäden ötenden soň onuň ýerine Hadar patyşa boldy. Ol Pagu galasyndandy. Hadaryň aýalynyň ady Meheýtabeldi. Ol Matrediň gyzy, Meýzahabyň agtygydy.
40-43Uruglary, ýurtda mesgen tutýan ýerleri hem atlary boýunça Ysawdan dörän edom urugbaşylary şulardyr: Timna, Alwa, Ýetet, Oholybama, Ela, Pinon, Kenaz, Teýman, Mibsar, Magdyýel, Iram. Bu uruglaryň hemmesi Ysawdan dörediler.

Atualmente selecionado:

Gelip çykyş 36: TukLat16

Destaque

Partilhar

Copiar

None

Quer salvar os seus destaques em todos os seus dispositivos? Faça o seu registo ou inicie sessão