Logótipo YouVersion
Ícone de pesquisa

Gelip çykyş 41

41
41‑nji bap
Ýusup faraonyň düýşüni ýorýar
1Iki ýyldan soň faraon bir düýş gördi. Ol Nil derýasynyň kenarynda durmuşyn. 2Birdenkä ýedi sany bakylan, semiz sygyr derýadan çykyp, gamyşlygyň içinde otlamaga başlaýarmyş. 3Olardan soň bolsa derýadan ýedi sany süňkleri çykyşyp duran hor sygyr çykyp, kenarda öňküleriň ýanynda durýarmyş. 4Süňkleri çykyşyp duran şol hor sygyrlar beýleki ýedi semiz sygry iýýärmiş. Şol wagt hem faraon ukudan oýandy. 5Ol ýene uka gitdi we bu gezek başga bir düýş gördi. Bir baldakdan ýedi sany dok we oňat däne sümmüli ösüp çykýarmyş. 6Olardan soň bolsa gündogar ýeline guran ýedi sany puç däne sümmüli ösüp çykýarmyş. 7Soňra şol ýedi sany guran puç sümmül beýleki dok hem dykyz ýedi sümmüli iýýärmiş. Şol wagt hem faraon ýene-de ukudan oýandy we munuň düýşüdigine düşündi. 8Ir bilen faraonyň ruhy ünjülidi. Ol Müsüriň ähli jadygöýleridir akyldarlaryny çagyryp, olara öz düýşüni gürrüň berdi, emma olaryň hijisi düýşleri ýorup bilmediler.
9Baş saky faraona ýüzlenip, oňa şeýle diýdi: «Şu gün men hata iş edendigimi boýun alýaryn. 10Bir gün faraonyň baş nan bişiriji bilen maňa gahary gelip, bizi janpenalaryň baştutanynyň öýündäki zyndana saldy. 11Bir gije biziň ikimiz-de düýş gördük. Düýşleriň hersiniň özüne laýyk ýorgudy bolmalydy. 12Biziň ýanymyzda janpenalaryň baştutanynyň hyzmatkäri bolan bir ýewreý ýigit hem bardy. Biz öz düýşümizi şoňa gürrüň berdik we ol biziň gören düýşlerimizi olaryň mazmunyna görä ýorup berdi. 13Ýusubyň ýorgudy dogry bolup çykdy. Men öňki wezipäme dolanyp geldim, baş nan bişiriji bolsa dardan asyldy». 14Faraon Ýusuby çagyrtdy. Ony dessine zyndandan çykardylar. Ýusup özüne serenjam berdi, geýimlerini çalşyrdy we faraonyň huzuryna geldi. 15Faraon Ýusuba: «Men bir düýş gördüm, ýöne ony ýorup bilýän ýok. Men sen düýş ýorup bilýärmişiň diýip eşitdim» diýdi. 16Ýusup faraona: «Ony ýorýan men däldirin; diňe Hudaý faraona bähbitli düşündiriş berer» diýdi. 17Faraon Ýusuba düýşüni gürrüň berdi: «Men düýşümde Nil derýasynyň kenarynda durmuşym. 18Birdenkä derýadan ýedi sany bakylan, semiz sygyr çykyp, gamyşlygyň içinde otlap başlaýarmyş. 19Olaryň yzyndan bolsa derýadan ýene-de ýedi sany süňkleri çykyşyp duran hor sygyr çykýarmyş. Men şeýle hor sygyrlary bütin Müsürde hiç haçan görmändim. 20Soňra şol hor süňkleri çykyşyp duran sygyrlar öňki ýedi semiz sygry iýýärmişler. 21Emma olaryň semiz sygyrlary iýendigini hiç kim bilip biljek däldi, çünki olaryň entegem öňküleri ýaly süňkleri çykyşyp durmuşyn. Şol wagt hem men oýandym. 22Soňra ýene başga bir düýş gördüm. Bir baldakda ýedi sany dok we dykyz sümmül gögerýärmiş. 23Olardan soň bolsa ýedi sany gündogar ýeline guran puç sümmül ösüp çykýarmyş. 24Şol puç sümmüller hem öňki ýedi dok sümmüli iýýärmişler. Men muny jadygöýlere gürrüň berdim, emma muny maňa düşündirip bilen tapylmady».
25 Ýusup faraona şeýle diýdi: «Jenabyň iki düýşüniň hem manysy birdir. Hudaý faraona Öz etjek zadyny aýan edipdir. 26Ýedi semiz sygyr bilen ýedi dok sümmül bu ýedi ýyldyr. Bu ikisi bir düýşdür. 27Soňky çykan ýedi hor sygyr bilen gündogar ýeline guran ýedi puç sümmül, ýedi ýyllap dowam etjek açlygy aňladýar. 28Meniň aýdyşym ýaly, Hudaý faraona Öz etjek zadyny görkezipdir. 29Bütin Müsür topragynda ýedi ýyl bolelinlik bolar. 30Soňra ýedi ýyl açlyk geler. Müsüriň öňki bolçulygy unudylar, çünki açlyk Müsüri ejizleder. 31Soňky gelen açlyk bolçulygy unutdyrar, çünki ol juda agyr geler. 32Faraonyň şol bir düýşi iki gezek görmegi işiň Hudaý tarapyndan kesgitlenendigini we Hudaýyň ony tizara amala aşyrjakdygyny aňladýar. 33Şoňa görä-de, faraonyň düşbi, pähim-paýhasly adamy tapyp, ony Müsüre baştutan edip bellemegi zerurdyr. 34Faraon bütin Müsürde häkimler bellemelidir we olar ýedi ýyllyk bolçulykda Müsür ýurdunyň hasylynyň bäşden birini almalydyrlar. 35Goý, olar öňlerindäki geljek bolçulyk ýyllarynda galla toplap, ony galalarda faraonyň ygtyýarlygynda saklasynlar. 36Bu galla Müsür açlykdan heläk bolmaz ýaly, oňa ýedi ýyl azyk bolar».
Ýusup Müsüre hökümdarlyga bellenýär
37 Faraona we onuň ähli emeldarlaryna bu teklip ýarady. 38Faraon öz emeldarlaryna: «Biz Ýusupdan başga Hudaýyň Ruhy bolan adamy tapyp bilmeris» diýdi. 39Soňra ol Ýusuba: «Hudaý şu zatlaryň ählisini saňa aýan etdi, seniň ýaly düşbi, pähim-paýhasly adam ýokdur. 40Sen meniň ýurdumda hökümdarlyk edersiň; halk saňa boýun eger. Men diňe şa tagtynda senden beýik bolaryn». 41Soňra faraon Ýusuba: «Ine, men seni tutuş Müsür topragyna hökümdar edip belleýärin» diýdi. 42Faraon barmagyndaky patyşalyk möhürini çykaryp, ony Ýusubyň barmagyna dakdy; oňa gymmatbaha lybaslar geýdirdi we boýnuna altyn zynjyr dakdy. 43Soňra faraon Ýusuby özüniň weziriniň at arabasyna mündürtdi; Ýusubyň öňünden: «Tagzym ediň!» diýip jar çekdirdiler. Şeýdip, patyşa Ýusuby tutuş Müsür ýurduna hökümdar edip belledi. 44Faraon Ýusuba: «Faraon men bolsam-da, Müsüriň hiç bir ýerinde senden rugsatsyz çöp başy gymyldamaz» diýdi. 45Faraon Ýusuba Sopnat-Pagnyýa diýip, müsürçe at dakdy; ony Heliýopolys galasynyň ruhanysy Potyperiň gyzy Asenada öýerdi. Şeýdip, Ýusup tutuş Müsür ýurduny dolandyryp başlady. 46(Müsür patyşasy faraona hyzmat edip başlanda, Ýusup otuz ýaşyndady.) Ýusup faraonyň ýanyndan gaýdyp, bütin Müsüre aýlandy. 47Ýedi ýyllyk bolçulykda toprak bol galla berdi. 48Ýusup Müsür topragyndan ýedi ýylyň dowamynda önen ähli gallany ýygnap, galalarda ýerleşdirdi. Ol her galanyň töwereginden ýygnalan gallany şol galanyň özünde saklady. 49Şeýdip, Ýusup deňiz çägeleri deý köp galla hasylyny toplady, hatda ol soňabaka olary ölçemesini-de goýdy. 50Açlyk ýyllary başlamazyndan öň, Heliýopolys galasynyň ruhanysy Potyperiň gyzy Asenada Ýusuba iki ogul dogrup berdi. 51Ýusup: «Hudaý maňa ähli muşakgatlyklarymy hem-de atamyň öýüni unutmaga ýardam etdi» diýip, nowbahar oglunyň adyna Manaşa#41:51 Ýewreýçe Manaşa we unutmaga sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. dakdy. 52Ol ikinji ogly bolanda: «Jebir çeken topragymda Hudaý meni örňetdi» diýip, onuň adyna Efraýym#41:52 Ýewreýçe Efraýym we örňetdi sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. dakdy.
53Müsüriň ýedi ýyllyk bolçulyk döwri tamamlandy. 54Ýusubyň aýdyşy ýaly, ýedi ýyllyk açlyk başlandy. Ähli ýurtlarda açlyk boldy. Emma bütin Müsürde iýmit bardy. 55Ahyry açlyk Müsür topragyna hem aralaşyp ugrady. Halk nalyş bilen faraondan azyk sorap başlady. Faraon ähli müsürlilere: «Ýusubyň ýanyna baryň-da, şonuň diýeni bilen boluň» diýdi. 56Açlyk Müsüriň ähli ýerine ýaýrap, gitdigisaýy güýjeýärdi. Ýusup ammarlary açyp, Müsür halkyna galla satyp başlady. 57Ýusupdan galla satyn almak üçin, Müsüre dünýäniň ähli künjeklerinden adamlar geldiler, çünki bütin dünýäde açlyk barha güýjeýärdi.

Atualmente selecionado:

Gelip çykyş 41: TukLat16

Destaque

Partilhar

Copiar

None

Quer salvar os seus destaques em todos os seus dispositivos? Faça o seu registo ou inicie sessão