Logótipo YouVersion
Ícone de pesquisa

Gelip çykyş 45

45
45‑nji bap
Ýusup öz doganlaryna syryny açýar
1 Ýusup hyzmatkärleriniň öňünde mundan artyk saklanyp bilmän: «Hemmeleri şu ýerden çykar» diýip gygyrdy. Ýusup öz doganlaryna syryny açanda, onuň ýanynda doganlaryndan başga adam ýokdy. 2Ýusup ses edip aglady. Onuň sesi müsürlilere we faraonyň köşgündäkilere eşidildi. 3Ýusup doganlaryna: «Men Ýusup, kakam dirimi?» diýdi. Emma onuň doganlary muny eşidende, olaryň Ýusupdan gorkularyndan ýaňa dilleri tutuldy. 4Ýusup olara: «Golaýragyma gelseňizläň» diýdi. Olar Ýusubyň golaýyna geldiler. Ol sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Men siziň Müsüre satan doganyňyz Ýusupdyryn. 5Siz meni bu ýere satandygyňyz üçin gam çekip, puşman etmäň, çünki Hudaý adamlaryň janyny gorap saklamak üçin meni siziň öňüňizden Müsüre iberdi. 6Çünki ýer ýüzünde iki ýyldan bäri açlyk dowam edýär. Ýene-de bäş ýyllap ekin-tikin-de, hasyl-da bolmaz. 7Ýer ýüzünde siziň nesilleriňizi aman galdyrmak we sizi beýik gutulyş bilen halas etmek üçin Hudaý meni siziň öňüňizden iberdi. 8Şoňa görä-de, meni bu ýere siz däl-de, Hudaý iberdi. Hudaý meni faraona ata hökmünde goýup, onuň bütin köşgüniň eýesi etdi. Men tutuş Müsüriň hökümdarydyryn. 9Haýal etmän gidiň-de, kakamyň ýanyna baryp, oňa şeýle diýiň: „Ogluň Ýusup şeýle diýýär: ‘Hudaý meni tutuş Müsüriň hökümdary etdi, sen eglenmän meniň ýanyma gel. 10Sen Goşen welaýatynda mesgen tutarsyň; sen we seniň çagalaryňdyr agtyklaryň, ownukly-irili mallaryň, mahlasy, özüňde bar bolan ähli zatlaryň bilen meniň golaýymda bolarsyň. 11Bu açlyk ýene bäş ýyla çekjek. Siziň hiç biriňiz mätäçlik çekmez ýaly, men ol ýerde seni we seniň hojalygyňy hem ähli mallaryňy zerur zatlar bilen üpjün ederin’“. 12Meniň hakykatdan-da Ýusupdygymy siziň hemmäňiz we inim Benýamin-de öz gözüňiz bilen görüp dursuňyz. 13Siz kakama meniň Müsürdäki şan-şöhratym, bu ýerde gören zatlaryňyzyň ählisi hakynda gürrüň beriň we ony tizräk şu ýere alyp geliň». 14Soňra ol öz inisi Benýamini gujaklap aglady. Benýamin hem ony gujaklap aglady. 15Ýusup aglap, ähli doganlaryny gujaklap ogşady. Diňe şondan soň doganlary onuň bilen gepleşmäge başladylar.
16 Ýusubyň doganlarynyň gelendigi hakyndaky habar faraonyň köşgüne baryp ýetdi. Muňa patyşa-da, onuň emeldarlary-da begendiler. 17Faraon Ýusuba şeýle diýdi: «Doganlaryňa şeýle diý: „Eşekleriňizi ýükläň-de, Kengana dolanyň. 18Kakaňyzy hem, maşgalalaryňyzy hem alyp, meniň ýanyma geliň. Men Müsüriň iň saýlantgy ýerini size bererin. Siz mes toprakly ýurduň hasylyndan iýip doýarsyňyz“. 19Olara ýene-de şeýle diý: „Çagalaryňyz hem aýallaryňyz üçin Müsürden arabalar alyp, olary kakaňyz bilen bile şu ýere getiriň. 20Yzyňyzda galjak goş-golamlaryňyzyň aladasyny etmäň, çünki bütin Müsüriň saýlantgy näz-nygmatlary siziňki bolar“».
21 Ysraýylyň ogullary aýdylyşy ýaly-da etdiler. Faraonyň tabşyrygy boýunça Ýusup olara arabalar hem ýol azygyny berdi. 22Ýusup bularyň Benýaminden başgasynyň hersine bir laý, Benýamine bolsa üç ýüz kümüş teňňe bilen bäş laý geýim-gejim berdi. 23Kakasyna on erkek eşegi Müsüriň iň saýlama näz-nygmatlaryndan, on urkaçy eşegi bolsa kakasyna Müsüre gaýdyşyn ýol azygy bolar ýaly galladan, çörekden we azykdan ýükläp iberdi. 24Onsoň Ýusup doganlaryny ugradyp, olara: «Ýolda dawalaşaýmaň» diýdi.
25Şeýdip, olar Müsürden gaýdyp, Kengana kakalary Ýakubyň ýanyna dolanyp geldiler. 26Olar kakalaryna: «Ýusup diri, ol tutuş Müsüriň hökümdary» diýip habar berdiler. Ýakup doňup galdy, çünki ol eşidýän zatlaryna ynanyp bilmedi. 27Emma olar Ýusubyň aýdanlarynyň ählisini Ýakuba gürrüň berenlerinden soň we özüni äkitmek üçin Ýusubyň iberen arabalaryny görenden soň, Ýakubyň ýüregi ýerine geldi. 28Ysraýyl: «Ýusubym diri, bes! Ölmänkäm gidip, onuň didaryny bir göreýin!» diýdi.

Atualmente selecionado:

Gelip çykyş 45: TukLat16

Destaque

Partilhar

Copiar

None

Quer salvar os seus destaques em todos os seus dispositivos? Faça o seu registo ou inicie sessão