Lewiler Giriş
Giriş
Lewiler kitabynda Hudaýyň Musa pygambere beren kanunlary we tabşyryklary beýan edilýär. Kitap lewi tiresinden bolan adamlaryň hatyrasyna Lewiler diýip atlandyrylýar. Lewiler mukaddes çadyrda Rebbiň aýratyn hyzmatkärleridiler. Ruhanylar hem öz asly boýunça lewi tiresindendirler. Kitapda esasan-da ruhanylaryň we beýleki lewileriň borçlary beýan edilýär. Olar gurbanlyklar, Hudaýa sadakalar we Günäden saplanma güni ýaly dini baýramlary geçirýärler (16:1-34, 23:26-32). Islendik günä: agyr günä, ýeňil günä – tapawudy ýok, mukaddes öýi murdar edip bilýärdi. Şonuň üçin-de, günäden saplanmak üçin berilýän gurbanlyklar dürli-dürlüdi. Olaryň bary bu kitapda jikme-jik beýan edilýär. Bu gurbanlyklar adamlary Hudaý bilen ýaraşdyrmaga ýardam edýärdi. Şeýle hem Lewiler kitaby halal we haram mal, egin-eşik üçin ulanylmaly matalar, garyplar barada edilmeli alada hakyndaky kanunlardan ybaratdyr.
Kitapda her kyrk dokuz ýyldan bir ýyly baýram etmek barada gürrüň edilýär. Şol ýyl ýer başky eýesine gaýtarylyp berilmelidi (25:8-17). Her ýedinji ýyl topraga dynç bermek üçin, ýer ekişsiz galdyrylmalydy (25:1-6). Ýer hakyndaky kanunlar gaty wajypdy, çünki ýer aslynda Hudaýyňky bolup, hojalyklaryň we tutuş jemgyýetiň ykdysady esasydy.
Kitabyň köp bölegi kanunlardan ybaratdyr. Beýleki bölümlerde halk we ruhanylar Hudaýyň görkezmelerine gulak asanda ýa-da ret edende, olara näme bolýandygy beýan edilýär. Hudaý Özüne garşy baş göterenleri dessine jezalandyryp, Özüne gulak asanlara bolsa şu wadany berdi:
«Men siziň araňyzda bolup, siziň Hudaýyňyz bolaryn, sizem Meniň halkym bolarsyňyz. Müsürlileriň guly bolup galmasynlar diýip, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb Mendirin. Sizi olaryň elinden azat edip, başyňyzy dik tutduryp ýöreden Mendirin».
26:12-13
Mazmuny
Sadakalar we gurbanlyklar baradaky kanunlar1:1–7:38
Harunyň we onuň ogullarynyň ruhanylyga bellenişi8:1–10:20
Halallyk we haramlyk baradaky kanunlar11:1–15:33
Günäden saplanma güni16:1-34
Durmuşda we Hudaýa sežde etmekde mukaddes bolmak baradaky kanunlar17:1–27:34
Dürli meseleler baradaky kanunlar17:1–20:27
Ruhanylar üçin düzgünler21:1–22:33
Dini baýramlar üçin görkezmeler23:1–25:55
Ýalkanyşlar we jezalar26:1-46
Rebbe wadalar we gurbanlyklar baradaky kanunlar27:1-34
Atualmente selecionado:
Lewiler Giriş: TukLat16
Destaque
Partilhar
Copiar
Quer salvar os seus destaques em todos os seus dispositivos? Faça o seu registo ou inicie sessão
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016