1
Ýohanna 10:10
Mukaddes Kitap
Ogry diňe ogurlamak, öldürmek, ýok etmek üçin gelýändir. Emma Men olara ýaşaýyş, bolelin ýaşaýyş bermek üçin geldim.
Karşılaştır
Ýohanna 10:10 keşfedin
2
Ýohanna 10:11
Men gowy çopandyryn. Gowy çopan goýunlary üçin janyny pida edýändir.
Ýohanna 10:11 keşfedin
3
Ýohanna 10:27
Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler.
Ýohanna 10:27 keşfedin
4
Ýohanna 10:28
Men olara baky ýaşaýyş berýärin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz.
Ýohanna 10:28 keşfedin
5
Ýohanna 10:9
Gapy Mendirin. Kim şu gapydan girse, halas bolar. Ol girip-çykyp, özüne otlag tapar.
Ýohanna 10:9 keşfedin
6
Ýohanna 10:14-15
Men gowy çopandyryn. Edil Atamyň Meni, Meniňem Atamy tanaýşym ýaly, Men goýunlarymy tanaýandyryn. Olar-da Meni tanaýandyrlar; Men goýunlarym üçin janymy pida edýärin.
Ýohanna 10:14-15 keşfedin
7
Ýohanna 10:29-30
Olary Maňa beren Atam hemmeden beýikdir. Atamyň elinden olary hiç kim alyp bilmez. Atam Ikimiz birdiris» diýip jogap berdi.
Ýohanna 10:29-30 keşfedin
8
9
Ýohanna 10:18
Janymy Menden hiç kim almaýar, Özüm pida edýärin. Meniň janymy pida etmäge-de, ony gaýtadan almaga-da ygtyýarym bar. Men bu buýrugy Atamdan aldym».
Ýohanna 10:18 keşfedin
10
Ýohanna 10:7
Isa ýene-de olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, goýunlar üçin gapy Mendirin.
Ýohanna 10:7 keşfedin
11
Ýohanna 10:12
Hakyna tutulan adam goýunlaryň hakyky çopany ýa-da eýesi däldir. Şonuň üçin ol möjegiň gelýänini görse, goýunlary taşlap gaçýandyr. Möjek süriniň üstüne çozup, olary dargadýandyr.
Ýohanna 10:12 keşfedin
12
Ýohanna 10:1
Isa ýene-de söze başlady: «Men size dogrusyny aýdýaryn, goýun agylyna gapysyndan girmän, başga ýerinden aşyp girýän adam ogrudyr hem garakçydyr.
Ýohanna 10:1 keşfedin
Ana Sayfa
Kutsal Kitap
Okuma Planları
Videolar