Ýohanna 19
19
19-njy bap
Isa ölüme höküm edilýär
1Soňra Pilat Isany tutup gamçylatdy. 2Esgerler tikenden täç örüp, Onuň başyna geýdirdiler, egnine gyrmyzy don ýapdylar. 3Ýanyna baryp: «Ýaşasyn ýahudylaryň Patyşasy!» diýşip, Onuň dulugyna şarpyk çaldylar. 4Pilat ýene daşary çykyp, ýahudylara: «Ine, Ony siziň öňüňize getirýärin. Ondan hiç bir aýyp tapmandygymy bilip goýuň» diýdi. 5Şol wagt başy tikenden täçli, egni gyrmyzy donly Isa daşary çykdy. Pilat olara: «Ine, ol Adam!» diýdi. 6Ýolbaşçy ruhanylar bilen baştutanlar Isany görüp: «Ony haça çüýle, haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilat olara: «Ony äkidip, özüňiz haça çüýläň. Men-ä Ondan hiç bir ýazyk tapmadym» diýdi. 7Ýahudylaryň baştutanlary: «Biziň bir kanunymyz bar, şol kanun boýunça Ol ölmeli, sebäbi Ol Özüni Hudaýyň Ogly diýip atlandyrýar» diýdiler. 8Bu sözleri eşidip, Pilat örän gorkdy. 9Ol täzeden özüniň häkimlik jaýyna girip, Isadan: «Sen nireli?» diýip sorady. Emma Isa oňa jogap bermedi. 10Pilat Oňa: «Sen meniň bilen gepleşmekden ýüz öwürýäňmi? Seni boşatmaga-da, haça çüýlemäge-de meniň ygtyýarymyň bardygyny bileňokmy?» diýdi. 11Isa oňa: «Eger saňa ýokardan berilmedik bolsady, Meniň üstümden hiç hili ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin hem, Meni tutup, seniň eliňe bereniň günäsi has-da agyrdyr» diýip jogap berdi. 12Şundan soň Pilat Isany boşatmaga synanyşdy. Emma ýahudylaryň baştutanlary gygyryşyp: «Ony boşatsaň, sen imperatoryň dosty dälsiň. Kim-de kim özüni patyşa saýsa, ol imperatora garşydyr» diýdiler. 13Pilat bu sözleri eşidip, Isany daşary alyp çykdy we Daş seki diýilýän ýerde höküm kürsüsinde oturdy. Bu ýeriň arameýçe ady Gabbatady. 14Pesah baýramyna taýýarlyk günüdi. Günortana golaý Pilat ýahudylara ýüzlenip: «Ine, siziň Patyşaňyz!» diýdi. 15Olar: «Güm et Ony! Ýok et! Ony haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilat olardan: «Patyşaňyzy haça çüýläýinmi?» diýip sorady. Ýolbaşçy ruhanylar: «Biziň imperatordan başga patyşamyz ýokdur» diýip jogap berdiler. 16Ahyry Pilat Isany haça çüýlemek üçin, Ony esgerleriň eline tabşyrdy.
Isa haça çüýlenýär
(Matta 27:32-44; Mark 15:21-32; Luka 23:26-43)
17Esgerler Isany alyp gitdiler. Isa haçyny Özi göterip, Kelleçanak diýilýän ýere geldi. Bu ýeriň arameýçe ady Golgotady. 18Ol ýerde Isany we Onuň bilen bile ýene iki adamy haça çüýlediler: olaryň biri – Onuň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady, Isa bolsa ortadady. 19Pilat bir tagtanyň ýüzüne ýazgy ýazdyryp, ony haçyň ýokarsyndan asdyrdy. Tagtada: «ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY NASYRALY ISA» diýlip ýazylandy. 20Isanyň haça çüýlenen ýeriniň şähere golaýdygy üçin, ýazgyny köp ýahudylar okadylar. Ol ýewreýçe, grekçe we latynça ýazylypdy. 21Ýahudylaryň ýolbaşçy ruhanylary Pilata: «Muny „Ýahudylaryň Patyşasy“ diýip ýazma-da, „Özüni Men ýahudylaryň Patyşasy diýip atlandyrdy“ diýip ýaz» diýdiler. 22Pilat olara: «Eýýäm ýazjagymy ýazdym» diýip jogap berdi. 23Isany haça çüýlän esgerler Onuň egin-eşigini aldylar. Onuň geýimlerini dört bölege bölüp, her esgere bir paý berdiler. Içki köýnegini hem aldylar. Içki köýnek tikilgi däl-de, boýdan-başa tutuş dokalgydy. 24#Zeb 21:19.Esgerler biri-birine: «Geliň, muny ýyrtmalyň, muňa bije atalyň, kimiň bijesi çyksa, şol alar» diýdiler. Bu Mukaddes Ýazgylardaky:
«Özara paýlaşýarlar geýimlerimi,
eginbaşym üçin bije atýarlar»
diýen sözleriň berjaý bolmagy üçin şeýle boldy. Esgerler şeýle hem etdiler.
25 Isanyň haçynyň ýanynda Onuň ejesi, daýzasy, Klopasyň aýaly Merýem we magdalaly Merýem dagy durdy. 26Isa ejesini we onuň ýanynda duran söýgüli şägirdini görüp, ejesine: «Eý, zenan, bu seniň ogluňdyr» diýdi. 27Onsoň şägirde garap: «Bu-da seniň ejeňdir» diýdi. Şondan soň ýaňky şägirt ony öz öýüne aldy.
Isanyň ölümi
(Matta 27:45-56; Mark 15:33-41; Luka 23:44-49)
28Onsoň Isa ähli zadyň tamam bolup barýanyny bilip, Mukaddes Ýazgylaryň berjaý bolmagy üçin, «Suwsadym» diýdi. 29Esgerler sirkeden doly küýzä bir esgini batyryp, käkilik otunyň baldagyna daňdylar-da, içirjek bolup, ony Isanyň agzyna ýetirdiler. 30Isa sirkeden dadyp: «Hemmesi berjaý boldy!» diýdi we başyny egip jan berdi.
31Şol gün Taýýarlyk günüdi, ertesi bolsa esasy gün – Sabat günüdi. Şol sebäpden Sabat güni jesetler haçda galmaz ýaly, ýahudylaryň baştutanlary Pilatdan haça çüýlenenleriň injiklerini döwüp, jesetleri aşak düşürtmegi haýyş etdiler. 32Şonuň üçin hem, esgerler baryp, ilki bilen Isanyň gapdalynda haça çüýlenen birinji adamyň, soňra ikinji adamyň injiklerini döwdüler. 33Emma Isanyň ýanyna gelenlerinde, Onuň eýýäm ölendigini görüp, injiklerini döwmediler. 34Muňa garamazdan, esgerleriň biri naýza bilen Onuň böwrüni dildi, şobada ondan gan bilen suw çogduryldy. 35Muny gören adam şaýat boldy, onuň şaýatlygy hakdyr. Ol siziň iman etmegiňiz üçin, özüniň dogry sözleýändigini bilýändir. 36#Msr 12:46; Çöl 9:12; Zeb 33:21.Bu iş «Onuň ýekeje süňki hem döwülmez» diýen Mukaddes Ýazgylaryň berjaý bolmagy üçin boldy. 37#Zak 12:10.Mukaddes Ýazgylaryň başga bir ýerinde bolsa: «Olar özleriniň deşim-deşim edenine serederler» diýilýär.
Isa jaýlanýar
(Matta 27:57-61; Mark 15:42-47; Luka 23:50-56)
38Onsoň Isanyň şägirdi bolan, ýöne ýahudylardan gorkup, muny ýaşyryp ýören arimatiýaly Ýusup Onuň jesedini haçdan düşürip almaga Pilatdan rugsat sorady. Pilat oňa rugsat berdi. Ol baryp, Isanyň jesedini haçdan düşürip aldy. 39Ozal gijäniň içinde Isanyň ýanyna baran Nikodim hem Ýusup bilen biledi. Nikodim jemi agramy iki put#19:39 Iki put – grekçe ýüz lytra. Bu takm. 30 kg deňdir. bolan garyşyk mür bilen aloe alyp geldi. 40Ol ikisi Isanyň jesedini getirip, ýahudylaryň jaýlama adaty boýunça Ony ýakymly ysly ýag sepilen kepene doladylar. 41Isanyň haça çüýlenen ýerinde bir bag bardy. Ol bagda heniz hiç kim jaýlanmadyk bir täze mazar bardy. 42Şol gün ýahudylaryň Sabat gününe taýýarlyk günüdi. Şonuň üçin mazar golaý bolansoň, Isanyň jesedini şol mazarda goýdular.
Seçili Olanlar:
Ýohanna 19: TukLat16
Vurgu
Paylaş
Kopyala
Önemli anlarınızın tüm cihazlarınıza kaydedilmesini mi istiyorsunuz? Kayıt olun ya da giriş yapın
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

: