Ýohanna 20

20
20‑nji bap
Isa direlýär
(Matta 28:1-8; Mark 16:1-8; Luka 24:1-12)
1Hepdäniň birinji güni#20:1 Hepdäniň birinji güni – bu ýewreýleriň senenamasy boýunça ýekşenbe günüdir., entek alagaraňkyka, magdalaly Merýem irden mazara bardy. Görse, mazaryň agzyndan daş aýrylypdyr. 2Şonda ol Simun Petrus bilen Isanyň söýgüli şägirdiniň ýanyna ylgap baryp, olara: «Agamyzy mazardan çykaryp äkidipdirler. Ony nirede goýandyklaryny bilmeýäris» diýdi. 3Petrus bilen beýleki şägirt dessine mazara tarap ýola düşdüler. 4Olaryň ikisi-de ylgaýardy, ýöne beýleki şägirt Petrusdan çalt ylgap, mazara ondan öň bardy. 5Ol eglip seredende, mazaryň içinde kepeniň ýatandygyny gördi, ýöne içerik girmedi. 6-7Şol wagt onuň yzyndan Simun Petrus hem geldi. Ol mazara girip, ýerde ýatan kepeni we Isanyň başyna oralan ýaglygy gördi. Emma ýaglyk kepen bilen bir ýerde bolman, aýry bir ýerde çözülgi ýatyrdy. 8Soňra ol ýere birinji bolup baran şägirt hem mazaryň içine girdi. Muny görüp, ol Isanyň direlendigine ynandy. 9Şol pursada çenli olar Mukaddes Ýazgylarda Isanyň direljekdigi barada aýdylan sözlere henizem düşünmändiler.
Isa magdalaly Merýeme görünýär
(Matta 28:9,10; Mark 16:9-11)
10Bu wakalardan soň şägirtler ýene öýli-öýüne gaýtdylar. 11Merýem bolsa mazaryň agzynda durup aglaýardy. Ol gözýaş edip durka, mazaryň içine eglip seredende, 12ak eşikli iki sany perişdä gözi düşdi. Olaryň biri Isanyň jesediniň ýatan ýeriniň başujunda, beýlekisi-de aýagujunda otyrdy. 13Olar ondan: «Eý, zenan, näme üçin aglaýarsyň?» diýip soradylar. Merýem olara: «Agamy mazardan çykaryp alyp gidipdirler. Ony nirede goýandyklaryny bilmeýärin» diýdi. 14Şeýle diýip, arkasyna öwrülende, ol ýerde Isanyň durandygyny gördi, ýöne Ony tanamady. 15Isa oňa: «Eý, zenan, näme üçin aglaýarsyň? Kimi gözleýärsiň?» diýdi. Merýem Oňa bagbandyr öýdüp: «Eý, aga, Ony mazardan sen äkiden bolsaň, nirede goýanyňy maňa aýt, men Ony alyp gideýin» diýdi. 16Isa oňa: «Merýem!» diýdi. Ol hem Oňa tarap gaňrylyp seredip: «Rabbuni!» diýdi. (Bu arameýçe «Mugallymym» diýmekdir.) 17Isa oňa: «Maňa golaýlaşma, sebäbi Men entek Atamyň ýanyna çykamok. Sen doganlarymyň ýanyna gidip, olara Meniň göge, Atamyň – Hudaýymyň ýanyna barýanymy aýt. Ol siziň-de Ataňyzdyr we Hudaýyňyzdyr» diýdi. 18Magdalaly Merýem şägirtleriň ýanyna gitdi. Olara: «Rebbi gördüm!» diýip, Rebbiň özüne aýdanlaryny şägirtlere habar berdi.
Isa şägirtlerine görünýär
(Matta 28:16-20; Mark 16:14-18; Luka 24:36-49)
19Hepdäniň şol ilkinji güni agşamara Isanyň şägirtleri üýşüp, ýahudylardan gorkularyna gapylary gulplap otyrdylar. Birdenkä Isa olaryň arasynda peýda bolup: «Size rahatlyk bolsun!» diýdi. 20Muny aýdyp, olara Öz ellerini, böwrüni görkezdi. Şägirtleri Rebbi görüp şatlandylar. 21Isa olara ýene-de: «Size rahatlyk bolsun! Atamyň Meni iberişi ýaly, Men hem sizi iberýärin» diýdi. 22Şeýle diýip, olaryň üstüne üfläp goýberdi-de: «Mukaddes Ruhy kabul ediň. 23Siz kimiň günäsini bagyşlasaňyz, şol bagyşlanar, kimiň günäsini bagyşlamasaňyz, şol bagyşlanmaz» diýdi.
Isa Tomasa görünýär
24 Isa gelen mahaly Onkileriň biri, Ekiz lakamly Tomas diýen şägirt olaryň ýanynda däldi. 25Beýleki şägirtler oňa: «Reb Isany gördük!» diýdiler. Emma Tomas olara: «Men Onuň ellerinde çüýleriň yzyny görüp, şol yzlara barmaklarymy degirmesem, böwrüni elläp görmesem, asla ynanmaryn» diýdi.
26Sekiz günden soň, şägirtler ýene öýde üýşüp otyrdylar. Bu gezek Tomas hem olaryň arasyndady. Gapylar gulply bolsa-da, Isa öýe girip, olaryň arasynda durdy. Ol: «Size rahatlyk bolsun!» diýdi. 27Onsoň Isa Tomasyň ýanyna baryp, oňa: «Barmagyňy bu ýere degir, ellerime seret! Eliňi uzat-da, böwrüme degir. Şübhelenmäňi bes et, imanly bol» diýdi. 28Tomas Oňa: «Sen meniň Rebbimsiň! Meniň Hudaýymsyň!» diýdi. 29Isa oňa: «Sen Meni göreniň üçin iman etdiň. Görmän iman edenler nähili bagtly!» diýdi. 30Isa şägirtleriniň ýanynda bu kitapda ýazylmadyk başga-da köp gudratly alamatlar görkezdi. 31Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz üçin we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy.

Seçili Olanlar:

Ýohanna 20: TukLat16

Vurgu

Paylaş

Kopyala

None

Önemli anlarınızın tüm cihazlarınıza kaydedilmesini mi istiyorsunuz? Kayıt olun ya da giriş yapın