Ýohanna 21
21
21‑nji bap
Isa kölüň kenarynda
1Bu wakalardan soň, Isa Tiberiýa kölüniň#21:1 Tiberiýa köli – bu Jelile kölüniň beýleki ady. kenarynda ýene şägirtlerine göründi. Bu şeýle boldy: 2Simun Petrus, Ekiz lakamly Tomas, Jeliläniň Kana şäherinden bolan Natanaýel, Zebedeýiň ogullary we Isanyň şägirtlerinden ýene ikisi bir ýere üýşüpdiler. 3Simun Petrus olara: «Men balyk tutmaga gidýärin» diýdi. Olar-da: «Biz hem seniň bilen gitjek» diýdiler-de, gaýyga münüp gitdiler, ýöne şol gije hiç zat tutup bilmediler. 4Gün doganda, Isa kenarda durdy, ýöne şägirtleri Onuň Isadygyny bilmediler. 5Isa olardan: «Eý, dostlar, iýmäge zadyňyz barmy?» diýip sorady. Olar: «Ýok» diýip jogap berdiler. 6Isa olara: «Toruňyzy gaýygyň sag tarapyna taşlaň, tutarsyňyz» diýdi. Olar tory sag tarapa taşladylar welin, şeýle bir köp balyk tutdular, hatda balygyň köplüginden ýaňa tory çekip çykarybam bilmediler. 7Şonda Isanyň söýgüli şägirdi Petrusa ýüzlenip: «Bu Reb Isadyr!» diýdi. Simun Petrus Onuň Rebdigini eşiden badyna egnindäki köýneginiň etegini guşagyna gysdyryp, özüni köle oklady. 8Beýleki şägirtler bolsa balykdan doly tory çekip, gaýyk bilen ýüzüp geldiler. Olar kenardan uzak däldiler, onuň iki ýüz ädim çemesi golaýyndadylar. 9Olar gury ýere çykanlarynda, çörek we közüň üstünde bişip duran balyk gördüler. 10Isa olara: «Indi tutan balyklaryňyzdan getiriň» diýdi. 11Simun Petrus gaýyga münüp, içinde ýüz elli üç sany ullakan balykdan doly tory kenara çykardy. Balyk şeýle köp bolsa-da, tor ýyrtylmandy. 12Isa olara: «Hany, geliň, ertirlik ediniň» diýdi. Ondan: «Sen kim?» diýip soramaga şägirtleriň hiç biri milt edip bilmedi. Olar Onuň Rebdigini bilýärdiler. 13Isa olaryň ýanyna geldi-de, çöregi alyp, olara berdi, balygy hem şeýle etdi. 14Bu Isanyň direlenden soň, şägirtlerine üçünji gezek görnüşidi.
Isanyň Petrus bilen söhbedi
15Olar nahar edinip bolanlaryndan soň, Isa Simun Petrusdan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, sen Meni bulardan artyk söýýärsiňmi?» diýip sorady. Simun Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýändigimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Guzularymy otlat» diýdi. 16Isa ikinji gezek ondan ýene: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, sen, hakykatdan hem, Meni söýýärsiňmi?» diýip sorady. Ol hem Isa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýändigimi Özüň bilýänsiň» diýip jogap berdi. Isa oňa: «Goýunlarymy bak» diýdi. 17Isa ýene-de ondan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýip, üçünji gezek sorady. Isanyň «Meni söýýärsiňmi?» diýip üçünji gezek sorany üçin, Petrus gussa batdy. Ol Isa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Goýunlarymy otlat. 18Men saňa dogrusyny aýdýaryn, ýaşkaň özüň biliňi guşap, islän ýeriňe gidýärdiň. Garranyňda welin, elleriňi uzadyp durarsyň, seni başga biri guşandyryp, islemeýän ýeriňe alyp gider» diýdi. 19Isa bulary Petrusyň nähili ölüm bilen ölüp, Hudaýy şöhratlandyrjakdygyny bildirmek üçin aýtdy. Muny aýdandan soňra oňa: «Meniň yzyma düş» diýdi.
20Petrus yzyna seredende, Isanyň söýgüli şägirdiniň hem öz yzlaryna düşüp gelýänini gördi. Bu şägirt agşamlyk nahary wagtynda Isa ýaplanyp, Ondan: «Agam, Saňa haýynlyk etjek adam kim?» diýip soran şägirtdi. 21Petrus ony görüp, Isadan: «Ýa Reb, onuň ykbaly nähili bolar?» diýip sorady. 22Isa oňa: «Özüm dolanyp gelýänçäm, onuň diri galmagyny isleýän bolsam, saňa näme? Sen Meniň yzyma düş» diýip jogap berdi. 23Şu sebäpden imanly doganlaryň arasynda bu şägirt ölmez diýen gürrüň ýaýrady. Emma Isa onuň ölmejekdigi barada aýtmandy, Ol Petrusa diňe: «Özüm dolanyp gelýänçäm, onuň diri galmagyny isleýän bolsam, saňa näme?» diýipdi.
24Bu zatlara şaýat bolup, şulary ýazan şol şägirtdir. Biz onuň şaýatlygynyň hakykatdygyny bilýäris. 25Isa başga-da köp işler etdi. Bular birin-birin ýazylan bolsa, onda ol kitaplar, meniň pikirimçe, tutuş äleme-de sygmazdy.#21:25 Käbir golýazmalarda Omyn diýen söz hem bar.
Seçili Olanlar:
Ýohanna 21: TukLat16
Vurgu
Paylaş
Kopyala
Önemli anlarınızın tüm cihazlarınıza kaydedilmesini mi istiyorsunuz? Kayıt olun ya da giriş yapın
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

: