Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin. Indiden beýläk ýerde ekişdir orumyň, aňzakdyr jöwzanyň, tomusdyr gyşyň hem-de gije-gündiziň ömürboýy yzy üzülmez».