Gelip çykyş 9

9
9-njy bap
Hudaý Nuh pygamber bilen äht edýär
1Hudaý Nuha hem-de onuň ogullaryna şeýle pata berdi: «Örňäň, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň. 2Ähli haýwanlar, guşlar, süýrenijiler we balyklar sizden juda gorkuda ýaşarlar; olaryň hemmesi siziň ygtyýaryňyza berilýär. 3Janly-jandarlaryň ählisi size iýmit bolar; edil gök ösümlikleri berşim ýaly, olaryň hemmesini Men size berýärin. 4Ýöne olaryň etini gany bilen iýmäň. Jan gandadyr. 5Siziň ganyňyzy dökene ölüm jezasyny bererin. Adam öldüren islendik haýwana ýa-da ynsana Men jeza bererin. 6Kimde-kim bir ynsanyň ganyny dökse, onuň gany hem ynsan tarapyndan dökülsin. Çünki Hudaý ynsany Öz keşbinde ýaradandyr. 7Siz örňäp, köpeliň we ýer ýüzüne ýaýraň».
8Hudaý Nuha we onuň ogullaryna ýüzlenip, şeýle diýdi: 9-10«Men indi siz we sizden soňky geljek nesliňiz bilen, şeýle hem siziň bilen gämiden çykan ähli jandarlar: guşlar, mallar we ýer ýüzündäki haýwanlaryň bary bilen äht baglaşýaryn. 11Men siziň bilen äht baglaşýaryn. Indi hiç haçan bütin janly-jandarlar sil bilen heläklenmez we tutuş ýer ýüzüni weýran etjek sil gelmez. 12Meniň siz hem-de siziň bilen bolan ähli jandarlar bilen nesilden-nesle edýän ebedilik ähtimiň nyşany şudur: 13bulutlaryň arasynda ýerleşdiren älemgoşarym Meniň dünýä bilen eden ähtimiň nyşany bolar. 14-15Ýeriň ýüzüni bulut örtüp, bulutlaryň arasynda älemgoşar görnende, Men siziň we ähli janly-jandarlar bilen eden ähtimi ýatlaryn. Mundan beýläk Men hiç haçan bütin janly-jandarlary sil bilen heläklemerin. 16Bulutlarda älemgoşar peýda bolan mahaly ony görüp, Men ýer ýüzüniň ähli janly-jandarlary bilen eden baky ähtimi ýatlaryn». 17Hudaý Nuha: «Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlar bilen Meniň baglaşan ähtimiň nyşany, ine, şudur» diýdi.
Nuh we onuň ogullary
18Sam, Ham, Ýafes Nuhuň gämiden çykan ogullarydy. (Ham Kenganyň atasydy.) 19Nuhuň üç ogly şulardy. Tutuş ýer ýüzüniň ynsanlary şulardan ýaýrady. 20Nuhuň özi daýhandy. Ol ilki bilen üzüm agaçlaryny oturtdy. 21Ol şerap içip, ondan serhoş bolup, öz çadyrynyň ortarasynda ýalaňaç ýatyrdy. 22Kenganyň kakasy Ham öz kakasynyň ýalaňaçdygyny görüp, muny beýleki iki doganyna habar berdi. 23Sam bilen Ýafes geýim alyp, ony omuzlaryna atdylar we ýeňseleýin ýöräp baryp, kakalaryny geýindirdiler. Olar ýüzlerini başga tarapa öwrüp, kakalarynyň ýalaňaçlygyny görmediler. 24Nuh serhoşlygyndan açylansoň, körpe oglunyň özüne näme edendigine göz ýetirip şeýle diýdi:
25«Kengana nälet siňsin,
ol doganlarynyň elinde,
gullaryň guly bolsun.
26Samyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!
Kengan Sama gul bolsun.
27Hudaý Ýafesi örňetsin#9:27 Ýewreýçe Ýafes we örňetsin sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir.,
Ýafesiň nesilleri Samlaryň çadyrlarynda ýaşasyn,
Kengan Ýafese gul bolsun».
28 Nuh silden soň ýene üç ýüz elli ýyl ýaşady. 29Ol jemi dokuz ýüz elli ýaşap dünýäden ötdi.

Currently Selected:

Gelip çykyş 9: TukLat16

Qaqambisa

Share

Copy

None

Ufuna ukuba iimbalasane zakho zigcinwe kuzo zonke izixhobo zakho? Bhalisela okanye ngena