1
Ýohanna 15:5
Mukaddes Kitap
Men üzüm agajydyryn, siz şahalarsyňyz. Kim Mende, Menem onda ýaşasam, ol bol miwe berer. Siz Menden üzňe hiç zat edip bilmersiňiz.
对照
探索 Ýohanna 15:5
2
Ýohanna 15:4
Mende ýaşaň, Men hem sizde ýaşaýyn. Üzüm agajyndan aýrylan şaha öz-özünden miwe berip bilmeýşi ýaly, Menden aýrylsaňyz, siz hem miwe berip bilmersiňiz.
探索 Ýohanna 15:4
3
Ýohanna 15:7
Mende mesgen tutup, sözlerimi ýüregiňizde saklasaňyz, näme dileseňiz, size berler.
探索 Ýohanna 15:7
4
Ýohanna 15:16
Siz Meni däl-de, Men sizi saýladym. Men siziň gidip, hiç solmaýan miwe bermegiňiz üçin saýlap-seçdim. Şoňa görä Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer.
探索 Ýohanna 15:16
5
Ýohanna 15:13
Kim janyny dostlary üçin pida etse, mundan beýik söýgi ýokdur.
探索 Ýohanna 15:13
6
Ýohanna 15:2
Ol Meniň miwe bermeýän her bir şahamy kesip taşlaýar, miwe berýänini bolsa tämiz bolar ýaly we köp miwe berer ýaly timarlaýar.
探索 Ýohanna 15:2
7
Ýohanna 15:12
Meniň buýrugym şudur: Men sizi nähili söýen bolsam, siz hem biri-biriňizi şonuň ýaly söýüň.
探索 Ýohanna 15:12
8
Ýohanna 15:8
Siz köp miwe berip, Meniň şägirtlerimdigiňizi görkezersiňiz. Bu arkaly Atam şöhratlanar.
探索 Ýohanna 15:8
9
Ýohanna 15:1
Men hakyky üzüm agajydyryn we Atam bagbandyr.
探索 Ýohanna 15:1
10
Ýohanna 15:6
Kim Mende ýaşamasa, kesilen şaha kimin taşlanyp, gurar. Guran şahalary bolsa ýygnap, oda ýakarlar.
探索 Ýohanna 15:6
11
Ýohanna 15:11
Men bu zatlary size şatlygyma şärik bolup, şatlygyňyzyň dolup-daşmagy üçin aýtdym.
探索 Ýohanna 15:11
12
Ýohanna 15:10
Men Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsine wepaly bolşum ýaly, siz hem buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň söýgime wepaly bolarsyňyz.
探索 Ýohanna 15:10
13
Ýohanna 15:17
Meniň size buýrugym şudur: biri-biriňizi söýüň.
探索 Ýohanna 15:17
14
Ýohanna 15:19
Dünýäden bolan bolsadyňyz, dünýä sizi özüniňkiler kimin söýerdi. Emma siz bu dünýä degişli dälsiňiz. Men sizi bu dünýäden saýlap aldym. Ine, şonuň üçin hem, dünýä sizi ýigrenýär.
探索 Ýohanna 15:19
主页
圣经
计划
视频