1
Ýohanna 17:17
Mukaddes Kitap
Seniň sözüň hakykatdyr. Hakykatyň arkaly olary mukaddes et.
对照
探索 Ýohanna 17:17
2
Ýohanna 17:3
Baky ýaşaýyş bolsa, Seni, ýagny ýeke-täk hak Hudaýy we Seniň iberen Isa Mesihiňi tanamakdyr.
探索 Ýohanna 17:3
3
Ýohanna 17:20-21
Men diňe olar üçin däl, eýsem olaryň wagzy bilen Maňa iman etjekler üçin-de dileg edýärin. Olaryň hemmesi bir bolsun. Ata, Seniň Mende, Meniň-de Sende bolşum ýaly, olar hem Bizde bolsunlar. Şeýlelikde, Meni Seniň iberendigiňe dünýä iman etsin.
探索 Ýohanna 17:20-21
4
Ýohanna 17:15
Olary dünýäden almagyňy däl-de, şeýtandan goramagyňy dileýärin.
探索 Ýohanna 17:15
5
Ýohanna 17:22-23
Maňa beren şöhratyňy olara berdim. Biziň bir bolşumyz ýaly, olar-da bir bolsun. Men olardadyryn, Sen bolsa Mendesiň. Meni Seniň iberendigiňi, Meni söýşüň kimin olary-da söýýändigiňi dünýä biler ýaly, olar bütewi birlikde bolsunlar.
探索 Ýohanna 17:22-23
主页
圣经
计划
视频