Gelip çykyş 10

10
10-njy bap
Nuhdan dörän milletler
1 Nuhuň ogullary Samyň, Hamyň hem-de Ýafesiň nesilleri şulardyr. Silden soň olardan şu çagalar doguldy.
2Ýafesiň nesilleri: Gomer, Magok, Madaý, Ýawan, Tubal, Meşek we Tiras. 3Gomeriň nesilleri: Aşkenaz, Ripat we Togarma. 4Ýawanyň nesilleri: Elişa, Tarşyş, Kitim we Dodanym. 5Bulardan deňiz ýakasynda ýaşaýan milletler ýaýrady. Ine, Ýafesiň nesilleri şulardy. Olaryň hersi öz milletlerine görä, öz ýurtlarynda mesgen tutup, her tiräniň özüne mahsus bolan dili bardy.
6Hamyň nesilleri: Kuş, Müsür, Put we Kengan. 7Kuşuň nesilleri: Seba, Hawyla, Sabta, Ragama we Sabteka. Ragamanyň nesilleri: Şeba we Dedan. 8Kuşdan ýene Nimrot doguldy; ol ýer ýüzünde ilkinji edermen urşujydy. 9Nimrot Rebbiň huzurynda batyr awçy bolup ýetişdi. Şol sebäpden hem il arasynda: «Rebbiň huzuryndaky Nimrot ýaly batyr awçy» diýilýär. 10Başda Nimrodyň şalygy Şingar ýurdundaky Babyl, Erek, Akat hem Kalne galalarynyň dördüsini öz içine alýardy. 11-12Nimrot ol ýurtdan Aşura çykyp, Ninewäni, Rehobotiri, Kalany hem-de Ninewe bilen beýik gala bolan Kalanyň aralygyndaky Reseni bina etdi. 13-14Müsür lutlaryň, anamlaryň, lehablaryň, naptuhlaryň, patruslaryň, kasluhlaryň we kaptorlaryň atasydy; kasluhlardan hem piliştliler gelip çykdy. 15-18Kengandan onuň nowbahar ogly Sidon, soňra Het doguldy. Kengan ýabuslaryň, amorlaryň, girgaşlaryň, hiwileriň, arklaryň, sinleriň, arwatlaryň, semarlaryň we hamatlaryň hem atasydy. Soňra Kengan tireleri dumly-duşa ýaýradylar. 19Olaryň araçägi Sidondan Gerara hem-de Gaza çenli, Gazadan Sodoma, Gomora, Adma, Seboýyma we Laşa çenli baryp ýetdi. 20Ine, Hamyň nesilleri şulardy. Olaryň hersi öz milletlerine görä, öz topraklarynda mesgen tutup, her tiräniň özüne mahsus bolan dili bardy.
21Ýafesiň agasy Samdan-da ençeme ogul dünýä indi. Ol ýewreýleriň#10:21 Ýewreýleriň – ýa-da Eberiň ähli nesilleriniň. atasydy. 22Eýlam, Aşur, Arpakşat, Lut we Aram Samyň nesilleridir. 23Us, Hul, Geter we Maş Aramyň nesilleridir. 24Arpakşatdan Şela, Şeladan Eber doguldy. 25Eberden iki ogul dünýä indi, olaryň biriniň ady Pelekdi, onuň döwründe dünýädäki halk bölünipdi#10:25 Ýewreýçe Pelekdi we bölünipdi sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir.; onuň doganynyň ady Ýoktandy. 26Ýoktandan Almodat, Şelep, Hasarmawet, Ýera, 27Hadoram, Uzal, Dikla, 28Obal, Abymaýyl, Şeba, 29Opyr, Hawyla we Ýobap doguldy. Bularyň hemmesi Ýoktanyň nesilleridir. 30Olar Meşa bilen Separ aralygyndaky gündogar daglarda mesgen tutdular. 31Ine, Samyň nesilleri şulardy. Olaryň hersi öz milletlerine görä öz topraklarynda mesgen tutup, her tiräniň özüne mahsus bolan dili bardy.
32 Nuhuň ogullaryndan milletleri boýunça emele gelen tireler şulardyr. Silden soň olardan ençeme milletler döräp, olar tutuş ýer ýüzüne ýaýradylar.

高亮显示

分享

复制

None

想要在所有设备上保存你的高亮显示吗? 注册或登录