Gelip çykyş 13
13
13‑nji bap
1 Ybram aýalyny hem ähli emlägini alyp, Müsürden çykyp, Negep çölüne gitdi. Lut hem onuň ýanyndady.
Ybram bilen Lut biri-birinden aýrylyşýarlar
2 Ybram juda baýdy. Onuň süri-süri ownukly-irili mallary, altyn-kümüşleri bardy. 3-4Ybram Negep çölünden gaýtdy we bir ýerden başga ýere göçüp-gonup, Beýtele ýetdi. Ol Beýtel bilen Aýyň aralygyndaky öňki çadyr diken ýerine bardy we öňki ýasan gurbanlyk sypasynyň ýanynda Rebbe ybadat etdi.
5 Ybram bilen bile gelen Lutuň hem ownukly-irili mallary we çadyrlary bardy. 6Mallary juda köp bolansoň, olara öri darlyk etdi. Şol sebäpli hem olar bile ýaşap biljek däldiler. 7Şeýdip, Ybramyň çopanlary bilen Lutuň çopanlarynyň arasynda dawa-jenjel turdy. Şol döwürlerde kenganlar bilen perizler hem Kengan topragynda ýaşaýardylar. 8Şonda Ybram Luta: «Öz aramyzda-da, çopanlarymyzyň arasynda-da dawa-jenjel bolmasyn. Biz garyndaşdyrys. 9Ine, tutuş ýurt seniň öňüňde ýaýylyp ýatyr. Biz aýrylyşaly. Sen saga gitseň, men sola giderin, sen sola gitseň, men saga giderin» diýdi.
10 Lut daş-töweregine göz aýlap, Iordan deresiniň Sogara çenli edil Rebbiň bagy, Müsür topragy ýaly, bu ýeriň bol suwdan ganandygyny gördi. Bu Rebbiň Sodomy we Gomorany weýran etmezinden öňdi. 11Lut özüne Iordan deresini saýlap alyp, gündogara tarap ýola rowana boldy. Şeýdip, olar aýrylyşdylar. 12Ybram Kenganda, Lut bolsa Iordan deresindäki galalarda düşlediler. Lut çadyryny Sodomyň çetinde dikdi. 13Sodomyň halky pis işleri bilen Rebbe garşy uly günä etdiler.
Ybram Hebrona göçýär
14 Lut aýrylyp gidenden soň, Reb Ybrama şeýle diýdi: «Häzirki oturan ýeriňden demirgazyga we günorta, gündogara we günbatara gözüňi aýla. 15Görýän tutuş ýurduňy Men saňa hem-de seniň nesliňe ebedilik berjekdirin. 16Seniň nesliňi edil ýeriň çägeleri kimin san-sajaksyz ederin. Eger ýeriň çägeleri sanalyp bilinýän bolsa, onda seniň nesliň-de sanalyp bilner. 17Bar, özüňe beriljek topraga boýdan-başa aýlanyp çyk. Men ony saňa berjek».
18Şeýdip, Ybram göçüp, Hebronyň golaýyndaky Mamräniň dub tokaýjygyna geldi we şol ýerde düşläp, Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016