Gelip çykyş 4
4
4‑nji bap
Kabyl bilen Habyl. Ilkinji ganhorlyk
1Adam aýaly Howa ýanaşdy. How hamyla bolup, Kabyly dogurdy. How: «Rebbiň kömegi bilen men bir ogul dünýä inderdim#4:1 Kabyl… dünýä inderdim – ýewreýçe Kabyl we dünýä inderdim diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir.» diýdi. 2Soňra ol Kabylyň dogany Habyly dogurdy. Habyl goýun çopany, Kabyl bolsa daýhan bolup ýetişdi. 3Birnäçe wagtdan soň Kabyl topragyň miwesinden Rebbe sadaka getirdi. 4Habyl hem öz sürüsiniň ilkinji doglanlarynyň semizlerinden Rebbe sadaka getirdi. Reb Habyly we onuň sadakasyny kabul etdi. 5Emma Reb Kabyly we onuň sadakasyny kabul etmedi. Kabylyň muňa gaty gahary gelip, ýüzüni sallady. 6Reb Kabyla şeýle diýdi: «Näme üçin gaharlanýaň? Näme ýüzüňi sallaýarsyň? 7Eger sen dogry iş etseň, kabul edilmezmiň näme? Eger sen nädogry iş etseň, günä bosagada peýläp ýatandyr; günäniň seniň üstüňden höküm süresi geler. Ýöne sen günäniň üstünden agalyk etmelisiň!»
8Kabyl öz dogany Habyla: «Ýör, çeträge çykaly»#4:8 Ýör, çeträge çykaly – bu sözler käbir golýazmalarda ýok. diýdi. Meýdanda Kabyl Habyla topulyp, ony öldürdi. 9Reb Kabyldan: «Doganyň Habyl nirede?» diýip sorady. Ol: «Habarym ýok, men näme doganymyň sakçysymy?» diýdi. 10Reb Kabyla şeýle diýdi: «Sen nämeler etdiň?! Doganyňyň gany toprakdan Maňa perýat edýär. 11Indi sen näletlendiň we doganyňyň seniň eliň bilen dökülen ganyny özüne siňdiren toprakdan mahrum bolduň. 12Sen näçe jan çekseň-de, ýer saňa hasyl bermez, sen ýer ýüzünde gaçgak hem sergezdan bolarsyň». 13Kabyl Rebbe: «Jezam çekerden agyr. 14Ine, bu gün Sen meni mes toprakly ýerden kowduň. Men Seniň huzuryňdan gizlenip, ýer ýüzünde gaçgak we sergezdan bolaryn. Maňa duşan, meni öldürer» diýdi. 15Emma Reb oňa: «Ýok! Kabyly öldüren adamdan ýedi gezek öç alnar» diýdi. Reb Kabyla duşanyň ony öldürmezi ýaly, oňa bellik goýdy. 16Soňra Kabyl Rebbiň huzuryndan gidip, Eremiň gündogaryndaky Not#4:16 Not – bu söz sergezdan diýmegi aňladýar. ýurdunda mesgen tutdy.
17Kabyl aýalyna ýanaşdy. Onuň aýaly hamyla bolup, Hanogy dogurdy. Kabyl gala bina edip, oňa ogly Hanogyň adyny dakdy. 18Hanokdan Irat, Iratdan Mehuýaýyl, Mehuýaýyldan Metuşaýel, Metuşaýelden Lemek doguldy. 19Lemek iki aýal aldy: olaryň biriniň ady Ada, beýlekisiniňki bolsa Sillady. 20Ada Ýabaly dogurdy. Ýabal çadyrda ýaşaýan maldarlaryň atasydy. 21Onuň doganynyň ady Ýubaldy. Ýubal lira we tüýdük çalýanlaryň atasydy. 22Silla Tubal-Kabyly dogurdy. Tubal-Kabyl bürünçden we demirden dürli gurallary ýasaýardy. Onuň Nagama atly aýal dogany bardy.
23Lemek aýallaryna şeýle diýdi:
«Eý, Ada we Silla,
maňa gulak asyň!
Aýallarym, sözümi diňläň!
Meni ýaralan adamy öldürerin,
meni uran juwan ýigidi öldürerin.
24Kabyl üçin ýedi gezek öç alynsa,
Lemek üçin ýetmiş ýedi gezek öç alnar».
25Adam ýene aýalyna ýanaşdy. How bir ogul dogurdy. Ol: «Kabylyň elinden ölen Habylyň deregine Reb maňa başga bir ogul berdi» diýip, onuň adyna Şis#4:25 Ýewreýçe Şis we berdi sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. dakdy. 26Şisden hem bir ogul doguldy; ol onuň adyna Enoş dakdy. Şol wagtdan başlap adamlar Rebbe ybadat edip başladylar.
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016