Ýohanna 12

12
12‑nji bap
Merýem Isa nard ýagyny çalýar
(Matta 26:1-5; Mark 14:1,2; Luka 22:1,2)
1 Pesah baýramyna alty gün galanda, Isa ýene Beýtaniýa bardy. Isanyň direlden Lazary-da şol ýerdedi. 2Ol ýerde Isanyň hormatyna nahar berildi. Marta hyzmat edýärdi, Lazar bolsa myhmanlar we Isa bilen bir saçagyň başynda otyrdy. 3Onsoň Merýem bir çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny getirdi-de, Isanyň aýaklaryna çalyp, soňra saçy bilen süpürdi. Ýagyň ýakymly ysy öýüň içine doldy. 4Şol wagt Onuň şägirtleriniň biri, Oňa haýynlyk etmegi ýüregine düwen Simunyň ogly Ýudas Iskariýot: 5«Näme üçin bu ýag satylyp, onuň puly garyplara paýlanmady? Munuň bahasy bir ýyllyk iş hakyna#12:5 Bir ýyllyk iş hakyna – grekçe üç ýüz dinar. Bir dinar bir günlük iş hakyna barabardyr. barabar ahyry» diýdi. 6Ol muny garyplaryň gamyny iýmek üçin däl-de, özüniň ogrudygy üçin aýdýardy. Sebäbi ol ortak pul torbasyny göteren bolup, näme berilse, özi alyp ýördi. 7Emma Isa olara: «Naçary öz gününe goýuň! Ol Meni jaýlanjak günüme taýýarlamak üçin şeýle etdi. 8Garyplar hemişe siziň ýanyňyzda bolar, emma Men siziň ýanyňyzda elmydama bolmaryn» diýdi. 9Ýahudylardan bir uly mähelle Isanyň ol ýerdedigini eşidip, diňe bir Isany däl, eýsem, Onuň direlden Lazaryny-da görmäge geldiler. 10Şonuň üçin ýolbaşçy ruhanylar Lazary-da öldürmegiň maslahatyny etdiler. 11Çünki köp ýahudylar Lazar sebäpli Isa iman edipdiler.
Isa Iýerusalime uly dabara bilen girýär
(Matta 21:1-11; Mark 11:1-11; Luka 19:28-40)
12Ertesi gün baýramçylyga gelen uly mähelle Isanyň Iýerusalime gelýänini eşitdi. 13#Zeb 117:25-26.Adamlar palma şahalaryny alyp, Ony garşylamaga çykdylar. Olar şeýle diýip gygyryşýardylar: «Hudaýa öwgüler bolsun! Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun! Ysraýyl Patyşasyna alkyş bolsun!»
14-15 # Zak 9:9. Edil Mukaddes Ýazgylarda: «Gorkma, eý, Sion gyzy! Ine, Patyşaň taýhara münüp gelýär» diýip ýazylyşy ýaly, Isa bir taýhar tapyp mündi. 16Şägirtleri şol wagt bu zatlara düşünmediler. Emma Isa şöhratlandyrylandan soňra bu sözleriň Ol hakynda ýazylandygy we özleriniň muny ýazylyşy ýaly edendikleri olaryň ýatlaryna düşdi.
17 Isa Lazary mazardan çagyryp direldende, köp mähelle bu wakany gördi. Indi olar bu hakda hemmelere gürrüň berýärdiler. 18Şonuň üçin Isanyň görkezen bu gudraty barada eşiden köp adamlar Ony garşylamaga çykdylar. 19Şeýlelikde, fariseýler biri-birine: «Görýäňizmi, elimizden hiç zat gelmeýär. Bütin dünýä Onuň yzyna eýerdi!» diýişýärdiler.
Isa ölüp direljegini öňünden aýdýar
20Baýramçylykda ybadat etmäge Iýerusalime gelenleriň arasynda birnäçe grekler-de bardy. 21Olar Jeliläniň Betsaýda şäherinden bolan Filipiň ýanyna gelip: «Eý, aga, biz Isany görmek isleýäris» diýip, ondan haýyş etdiler. 22Filip hem muny Andrysa aýtdy. Onsoň Andrys bilen Filip bile gidip, Isa aýtdylar. 23Isa olara şeýle jogap berdi: «Ynsan Oglunyň şöhratlanmaly wagty geldi. 24Men size dogrusyny aýdýaryn, bugdaý dänesi ýere gaçyp ölmese, ýeke däne bolup galar, ýöne öläýse, köp hasyl berer. 25Bu dünýäde janyny söýýän ony ýitirýändir. Emma bu dünýäde kim janyny ýigrenýän bolsa, ony baky ýaşaýyş üçin saklaýandyr. 26Kim Maňa hyzmat etmek isleýän bolsa, yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat eden adamy Atam hormatlar. 27Häzir Meniň ýüregim gam-gussa batýar. Men näme diýeýin? „Eý, Ata, Meni şu pursatdan halas et“ diýeýinmi? Ýok, Men hut şu pursat üçin geldim ahyryn. 28Eý, Ata, adyňy şöhratlandyr!» Şonda gökden: «Men adymy şöhratlandyrdym we ýene-de şöhratlandyraryn» diýen ses geldi. 29Ol ýerde duran mähelle muny eşidip: «Gök gürledi» diýdi. Käbirleri bolsa: «Onuň bilen bir perişde gepleşdi» diýişdiler. 30Isa olara: «Bu ses Meniň üçin däl-de, siziň üçin geldi. 31Indi bu dünýä höküm çykarylmaly wagt geldi. Ine, bu dünýäniň hökümdary şeýtan kowlup çykarylar. 32Ýerden ýokary göterilenimde, Men ähli ynsanlary Özüme çekerin» diýip jogap berdi. 33Isa muny nähili ölüm bilen öljegini bildirmek üçin aýtdy. 34Mähelle Oňa garşy bolup: «Töwratda aýdylyşyna görä, Mesih ebedi galmalydyr. Onsoň nädip Sen: „Ynsan Ogly ýokary göterilmelidir“ diýýärsiň? Ol Ynsan Ogly diýýäniň kim?» diýip sorady. 35Isa olara: «Nur siziň araňyzda ýene az wagt bolar. Nur barka, nurda geziň, şonda üstüňizi tümlük basmaz. Çünki tümlükde gezýän özüniň nirä barýanyny bilýän däldir. 36Nur heniz ýanyňyzdaka, nura iman ediň, şonda nuruň perzentleri bolarsyňyz» diýdi. Isa bulary aýdansoň, olaryň ýanyndan gidip gizlendi.
Ýahudylaryň ynamsyzlygy
37 Isa ýahudylaryň gözleriniň alnynda şunça köp gudratly alamat görkezen hem bolsa, olar Oňa iman etmediler. 38#Işa 53:1.Bularyň bary Işaýa pygamberiň:
«Ýa Reb, biziň habarymyza kim ynandy?
Rebbiň güýç-gudraty kime aýan boldy?»
– diýip aýdan şu sözüniň berjaý bolmagy üçin şeýle boldy.
39Hakykatdan hem, olar ynanyp bilmeýärdiler. Muňa görä, Işaýa olar hakda ýene şeýle diýipdir:
40 # Işa 6:10. «Hudaý olaryň gözlerini kör etdi,
ýüreklerini gatatdy.
Goý, gözleri bilen görmesinler,
gulaklary bilen eşitmesinler,
aňlary bilen aňlamasynlar,
Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».
41 Işaýa Isanyň şöhratyny görüp, bu sözleri Ol hakda aýdypdyr. 42Muňa garamazdan, mejlisiň agzalarynyň köpüsi Oňa iman etdi, emma fariseýler zerarly muny açyk yglan etmediler, sebäbi olar sinagogadan kowulmakdan gorkýardylar. 43Sebäbi olar ynsanlaryň öwgüsini Hudaýyň öwgüsinden gowy gördüler. 44Isa bolsa gaty ses bilen şeýle diýdi: «Maňa iman edýän Maňa däl-de, Meni Iberene iman edýändir. 45Meni görýän, Meni Ibereni-de görýändir. 46Maňa iman eden her kes garaňkylykda galmasyn diýip, Men dünýä nur bolup geldim. 47Sözlerimi eşidibem, olary berjaý etmedigiň üstünden höküm çykarmaryn. Sebäbi Men dünýäniň üstünden höküm çykarmaga däl-de, ony halas etmäge geldim. 48Meni ret edip, sözlerimi kabul etmeýäne ahyrky günde Meniň hut şu aýdýan sözlerim höküm çykarar. 49Sebäbi Men Öz-Özümden geplemedim. Meni iberen Ata näme aýtmalydygymy, nähili sözlemelidigimi Maňa Özi buýurdy. 50Onuň buýrugynyň bolsa baky ýaşaýşa gowşurýandygyny bilýärin. Şonuň üçin Atam Maňa näme buýran bolsa, Men size diňe şony aýdýandyryn».

目前选定:

Ýohanna 12: TukLat16

高亮显示

分享

复制

None

想要在所有设备上保存你的高亮显示吗? 注册或登录