Ýohanna 13
13
13‑nji bap
Isa şägirtleriniň aýagyny ýuwýar
1 Pesah baýramynyň öň ýanydy. Isa bu dünýäden aýrylyp, Atasynyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini bilýärdi. Isa bu dünýäde Özüniňkileri hemişe söýdi, olary ahyrky güne çenli söýdi.
2Agşamlyk nahar wagtydy. Iblis eýýäm Simunyň ogly Ýudas Iskariýodyň kalbyna Isa haýynlyk etmek niýetini salypdy. 3Isa Atasynyň ähli zady Öz ygtyýaryna berendigini, Özüniň Hudaýdan gelip, Hudaýa gitjekdigini bilýärdi. 4Şonuň üçin Ol nahar başyndan turup, donuny çykardy-da, bir ýaglyk bilen bilini guşady. 5Onsoň bir legene suw guýdy-da, şägirtleriniň aýaklaryny ýuwup, guşanan ýaglygy bilen süpürmäge durdy. 6Isa Simun Petrusyň ýanyna gelende, Petrus Oňa: «Eý, Agam, Sen meniň aýagymy ýuwjak bolýarmyň?» diýdi. 7Isa oňa: «Meniň edýän işime entek akylyň çatmaýar, muňa soň düşünersiň» diýdi. 8Petrus Oňa: «Ýok, men Saňa aýagymy asla ýuwdurmaryn!» diýdi. Emma Isa oňa: «Eger ýuwmasam, onda Meniň bilen şärikligiň bolmaz» diýip jogap berdi. 9Simun Petrus Oňa: «Agam, onda diňe aýagymy däl, elimi-de, başymy-da ýuw» diýdi. 10Isa oňa: «Ýuwnan adamyň diňe aýagyny ýuwmakdan başga hajaty ýokdur, tutuş bedeni tämizdir. Siz hem tämizsiňiz, ýöne hemmäňiz däl» diýdi. 11Isa Özüne kimiň haýynlyk etjekdigini bilýärdi. Şonuň üçin-de «Hemmäňiz tämiz däl» diýipdi.
12 Isa olaryň aýaklaryny ýuwup bolanyndan soň, donuny geýdi-de, ýene saçak başyna geçip oturdy we olara şeýle diýdi: «Size näme edenime düşünýärsiňizmi? 13Siz Maňa „Mugallym“, „Aga“ diýip, dogry aýdýarsyňyz, sebäbi Men Şolduryn. 14Eger Men siziň Agaňyz we Mugallymyňyz bolubam, aýagyňyzy ýuwan bolsam, onda siz-de biri-biriňiziň aýagyňyzy ýuwmalysyňyz. 15Meniň size edenimi, siz hem biri-biriňize edersiňiz diýip, Men size görelde görkezdim. 16Men size dogrusyny aýdýaryn, gul hojaýyndan beýik däldir, habarçy-da özüni iberenden beýik däldir. 17Eger bu zatlara düşünip, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.
Ýudasyň Isa haýynlyk etjekdigi baradaky gürrüň
18 #
Zeb 40:10. Men siziň hemmäňiz hakda aýtmaýaryn. Men Öz saýlanlarymy bilýärin. Emma, goý, bu Mukaddes Ýazgylardaky: „Hatda duzumy iýen maňa haýynlyk etdi“ diýen sözler berjaý bolsun. 19Men size näme boljagyny öňünden aýdýaryn. Bular amala aşan wagty siz Meniň kimdigime göz ýetirersiňiz, Maňa ynanarsyňyz. 20Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň iberen adamymy kabul eden Meni kabul edýändir, Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir». 21Bu zatlary aýdandan soň, Isanyň ýüregini gussa gaplady. Ol: «Hakykatdan hem, siziň biriňiz Maňa haýynlyk edersiňiz» diýip, açyk aýtdy. 22Şägirtleri Onuň muny kime kakdyryp aýdýanyny bilmän, aljyraňňylyk bilen biri-birlerine seredişdiler. 23Saçak başynda şägirtlerden biri Isa ýaplanyp otyrdy. Ol Isanyň söýgüli şägirdidi. 24Simun Petrus Onuň kime kakdyryp aýdýanyny soramagy ýaňky şägirde ümledi. 25Ol hem Isa ýaplanyp oturşyna Ondan: «Agam, ol kim?» diýip sorady. 26Isa: «Şu çöregi okara batyryp, kime bersem, ol şoldur» diýip jogap berdi. Onsoň Ol çöregi okara batyrdy-da, ony Simunyň ogly Ýudas Iskariýoda berdi. 27Çöregi alan badyna, Ýudanyň içine şeýtan girdi. Isa oňa: «Näme etjek bolsaň, tizräk et» diýdi. 28Muny Isanyň oňa näme üçin aýdanyna oturanlaryň hiç biri düşünmedi. 29Pul torba Ýudasda bolansoň, käbirleri Isa oňa: «Baýram üçin bize gerek zatlary satyn al» ýa-da «Garyplara biraz pul paýla» diýýändir öýtdüler. 30Ýudas bolsa çöregi alan badyna daşary çykyp gitdi. Garaňky düşüpdi.
Isa Petrusyň inkär etjekdigini aýdýar
(Matta 26:31-35; Mark 14:27-31; Luka 22:31-34)
31Ýudas çykyp gidensoň, Isa şeýle diýdi: «Indi Ynsan Ogly şöhratlandyryldy, Hudaý-da Ol arkaly şöhratlandyryldy. 32Eger Hudaý Ynsan Ogly arkaly şöhratlanan bolsa, Ony hem Öz şöhratyna şärik eder. Hawa, Ony şol pursadyň özünde şöhratlandyrar. 33Balalarym! Men indi siziň bilen uzak bolmaryn. Siz Meni agtararsyňyz, ýöne ýahudylara aýdanymy size-de aýdýaryn: „Meniň gitjek ýerime siz baryp bilmersiňiz“. 34Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň. Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň. 35Eger biri-biriňizi söýseňiz, hemmeler siziň Meniň şägirdimdigiňizi bilerler».
36Simun Petrus Isadan: «Agam, Sen nirä barýarsyň?» diýip sorady. Isa oňa: «Sen Meniň bilen häzir gidip bilmersiň, ýöne soňra baryp bilersiň» diýip jogap berdi. 37Petrus Oňa: «Agam, näme üçin men Seniň bilen häzir gidip bilmerin? Men Seniň üçin janymy bermäge-de taýýar» diýdi. 38Isa oňa: «Sen Meniň üçin janyňy bermäge taýýarmyň?! Men saňa dogrusyny aýdýaryn, horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýip jogap berdi.
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016