Ýohanna 15
15
15‑nji bap
Üzüm agajy we şahalar
1Men hakyky üzüm agajydyryn we Atam bagbandyr. 2Ol Meniň miwe bermeýän her bir şahamy kesip taşlaýar, miwe berýänini bolsa tämiz bolar ýaly we köp miwe berer ýaly timarlaýar. 3Meniň size aýdan sözüm arkaly siz bireýýäm tämizsiňiz. 4Mende ýaşaň, Men hem sizde ýaşaýyn. Üzüm agajyndan aýrylan şaha öz-özünden miwe berip bilmeýşi ýaly, Menden aýrylsaňyz, siz hem miwe berip bilmersiňiz. 5Men üzüm agajydyryn, siz şahalarsyňyz. Kim Mende, Menem onda ýaşasam, ol bol miwe berer. Siz Menden üzňe hiç zat edip bilmersiňiz. 6Kim Mende ýaşamasa, kesilen şaha kimin taşlanyp, gurar. Guran şahalary bolsa ýygnap, oda ýakarlar. 7Mende mesgen tutup, sözlerimi ýüregiňizde saklasaňyz, näme dileseňiz, size berler. 8Siz köp miwe berip, Meniň şägirtlerimdigiňizi görkezersiňiz. Bu arkaly Atam şöhratlanar. 9Atamyň Meni söýşi ýaly, Men-de sizi söýdüm. Meniň söýgimde galyň. 10Men Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsine wepaly bolşum ýaly, siz hem buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň söýgime wepaly bolarsyňyz. 11Men bu zatlary size şatlygyma şärik bolup, şatlygyňyzyň dolup-daşmagy üçin aýtdym. 12Meniň buýrugym şudur: Men sizi nähili söýen bolsam, siz hem biri-biriňizi şonuň ýaly söýüň. 13Kim janyny dostlary üçin pida etse, mundan beýik söýgi ýokdur. 14Eger buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň dostlarym bolarsyňyz. 15Mundan beýläk Men size gul diýmerin, sebäbi gul hojaýynynyň näme edýänini bilýän däldir. Men size dost diýýärin, sebäbi Atamdan eşiden ähli zatlarymy size aýtdym. 16Siz Meni däl-de, Men sizi saýladym. Men siziň gidip, hiç solmaýan miwe bermegiňiz üçin saýlap-seçdim. Şoňa görä Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer. 17Meniň size buýrugym şudur: biri-biriňizi söýüň.
Dünýä şägirtleri ýigrenýär
18Dünýä sizi ýigrenýän bolsa, onuň sizden öň Meni ýigrenendigini biliň. 19Dünýäden bolan bolsadyňyz, dünýä sizi özüniňkiler kimin söýerdi. Emma siz bu dünýä degişli dälsiňiz. Men sizi bu dünýäden saýlap aldym. Ine, şonuň üçin hem, dünýä sizi ýigrenýär. 20Meniň size: «Hyzmatkär hojaýyndan beýik däldir» diýen sözümi ýadyňyza salyň. Olar Meni yzarlasalar, onda sizi-de yzarlarlar. Meniň sözümi berjaý etseler, siziňkini-de berjaý ederler. 21Olar size bu zatlaryň ählisini Meniň adym üçin ederler, sebäbi olar Meni Ibereni tanamaýarlar. 22Men gelip, olara aýtmadyk bolsadym, olar günäkär bolmazdylar. Indi bolsa bilmändiklerini bahanalap bilmezler. 23Meni ýigrenýän Meniň Atamy-da ýigrenýändir. 24Eger Men olaryň arasynda başga hiç kimiň başarmadyk gudratlaryny görkezmedik bolsam, günäde aýyply bolmazdylar. Indi bolsa eden gudratlarymy görseler-de, Meni hem, Atamy hem ýigrendiler. 25#Zeb 34:19; 68:5.Bu bolsa Mukaddes Ýazgylarda: «Meni nähak ýere ýigrendiler» diýip ýazylan sözleriň berjaý bolmagy üçindir. 26Meniň size Atamdan iberjek Hemaýatçym, ýagny Atamdan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda şaýatlyk eder. 27Siz hem şaýatlyk edersiňiz, sebäbi başdan-aýak Meniň bilen bile bolduňyz.
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016