Ýohanna 6

6
6-njy bap
Isa bäş müň adamy doýurýar
(Matta 14:13-21; Mark 6:30-44; Luka 9:10-17)
1Şundan soň Isa Jelile kölüniň beýleki tarapyna geçdi. Bu köle Tiberiýa köli hem diýilýärdi. 2Isanyň gudratlar arkaly hassalary sagaldandygyny gören uly mähelle Onuň yzyna düşdi. 3Isa şägirtleri bilen beýik depä çykyp oturdy. 4Ýahudylaryň Pesah baýramy golaýlapdy. 5Isa töweregine gözüni aýlady. Öz ýanyna uly mähelläniň gelýänini görüp, Filipe: «Bulara iýer ýaly çöregi nireden satyn alarys?» diýdi. 6Ol muny Filipi synamak üçin sorapdy, aslynda welin Özüniň näme etjegini eýýäm bilýärdi. 7Filip Oňa: «Bularyň her birine bir döwüm çörek satyn almak üçin iki ýüz kümüş teňňe sarp etsek-de ýetmez!» diýip jogap berdi. 8Şägirtlerden biri, Simun Petrusyň dogany Andrys Oňa: 9«Bu ýerde bir oglanda bäş arpa çöregi bilen iki balyk bar. Emma şeýle uly mähellä bular nämejik bolar?» diýdi. 10Isa: «Halky oturdyň» diýdi. Halk şol ýerdäki gök ýaýlada oturdy. Ol ýerde bäş müňe golaý erkek adam bardy. 11Isa çörekleri alyp, şükür etdi, soňra olary oturanlara paýlady. Balyklary hem şeýtdi, näçe isleseler, olara paýlady. Adamlar doýýançalar iýdiler. 12Olar doýanlaryndan soň, Isa şägirtlerine: «Galan-gaçanlary ýygnaşdyryň, hiç zat zaýalanmasyn» diýdi. 13Şeýlelikde, şägirtler iýlen bäş arpa çörekden artan bölekleri ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. 14Isanyň bu gudratly alamatyny gören adamlar: «Hakykatdan-da, dünýä gelmeli pygamber Şudur» diýdiler. 15Isa olaryň Özüni patyşa etmek üçin zor bilen tutjak bolýandyklaryny bilensoň, ýene-de ýeke Özi daga gitdi.
Isa suwuň ýüzünden ýöreýär
(Matta 14:22-33; Mark 6:45-52)
16Agşamara Onuň şägirtleri kölüň boýuna geldiler. 17Garaňky düşse-de, Isa heniz olaryň ýanyna gelmändi. Onsoň şägirtler gaýyga münüp, kölüň aňyrsyndaky Kapernauma ugradylar. 18Güýçli ýel turup, köl tolkun atyp başlady. 19Olar gaýykly bäş-alty çakrym#6:19 Bäş-alty çakrym – grekçe ýigrimi bäş-otuz stadios. Bir stadios takm. 200 m deňdir. ýüzenlerinden soň, Isanyň suwuň ýüzünden ýöräp, gaýyga ýakynlaşyp gelýänini görüp gorkdular. 20Emma Isa olara: «Gorkmaň, bu – Men!» diýdi. 21Olar begenip, Ony gaýyga mündürdiler. Gaýyk şol pursadyň özünde ýetmeli kenaryna baryp ýetdi. 22Ertesi gün kölüň beýleki kenarynda galan mähelle ol ýerde düýn diňe bir gaýygyň bardygyny we Isanyň Öz şägirtleri bilen şol gaýyga münmän, olaryň diňe özleriniň gidendiklerini anykladylar. 23Şol wagt Tiberiýadan başga gaýyklar geldi. Gaýyklaryň saklanan ýeri Reb Isanyň Hudaýa şükür aýdan we halkyň çörek iýen ýerine golaýdy. 24Isanyň-da, Onuň şägirtleriniň-de ol ýerde ýokdugyny gören mähelle gaýyklara münüp, Isany gözlemäge Kapernauma tarap gitdi. 25Ony kölüň aňry tarapyndan tapyp: «Mugallym, bu ýere haçan geldiň?» diýip soradylar.
Isa – Ýaşaýyş çöregi
26 Isa olara: «Men size dogrusyny aýdýaryn, siz Meni gudrat göreniňiz üçin däl-de, çörek iýip doýanyňyz üçin agtarýarsyňyz. 27Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, baky ýaşaýyş berýän iýmit üçin yhlas ediň, ony size Ynsan Ogly berer. Çünki Atamyz Hudaýyň Özi bu işi Oňa tabşyrandyr» diýip jogap berdi. 28Ondan: «Biz Hudaýyň işlerini berjaý etmek üçin näme etmeli?» diýip soradylar. 29Isa olara: «Hudaýyň işini berjaý etmek isleýän bolsaňyz, Onuň Iberenine iman ediň» diýip jogap berdi. 30Olar ýene-de: «Görüp, Saňa iman ederimiz ýaly, Sen nähili gudratly alamat görkezersiň? Hany, näme edersiň? 31#Msr 16:4-5; Zeb 77:24; 105:40.Biziň ata-babalarymyz çölde manna iýdiler. Mukaddes Ýazgylarda bu barada: „Olara iýmek üçin gökden çörek berdi“ diýip ýazylan» diýdiler. 32Isa olara: «Men size dogrusyny aýdýaryn, size gökden çörek beren Musa däl. Gökden size hakyky çöregi Meniň Atam berýär. 33Çünki Hudaýyň çöregi gökden inip, dünýä ýaşaýyş berýändir» diýdi. 34Olar Oňa: «Agam, şol çöregi bize hemişe ber» diýdiler. 35Isa olara şeýle diýdi: «Ýaşaýyş çöregi Mendirin, Maňa gelen asla ajykmaz, Maňa iman eden asla suwsamaz. 36Aýdyşym ýaly, siz Meni gördüňiz, emma Maňa iman etmeýärsiňiz. 37Atamyň Maňa beren adamlarynyň bary Maňa geler, Men ýanyma gelenleri asla kowmaryn. 38Çünki Men Öz yradamy däl-de, Meni Ibereniň yradasyny berjaý etmek üçin gökden indim. 39Meni Ibereniň yradasy bolsa, Onuň Özüme berenleriniň hiç birini ýitirmän, olary ahyrky gün gaýtadan direltmegimdir. 40Ogly gören we Oňa iman eden her bir adamyň baky ýaşaýşa gowuşmagy Atamyň yradasydyr. Men-de bu adamlary ahyrky gün gaýtadan direlderin». 41«Gökden inen çörek Mendirin» diýeni üçin ýahudylaryň baştutanlary Oňa garşy çykyp hüňürdeşdiler. 42Olar: «Bu Ýusubyň ogly Isa dälmi? Biz Onuň ata-enesini tanaýarys. Ol nähili „Men gökden indim“ diýýär?» diýişdiler. 43Isa olara şeýle diýdi: «Özara hüňürdeşmäňizi bes ediň. 44Eger Meni iberen Atanyň Özi getirmese, hiç kim Maňa gelip bilmez. Ýanyma gelen adamy bolsa, Men ahyrky gün direlderin. 45#Işa 54:13.Pygamberleriň ýazgylarynda: „Olaryň hemmesi Hudaýdan taglym alarlar“ diýip ýazylan. Atadan eşidip, Ondan taglym alan her kes Maňa geler. 46Aslynda hiç kim hiç wagt Atany gören däldir. Atany diňe Hudaýdan Gelen görendir. 47Men size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden baky ýaşaýşa gowşandyr. 48Ýaşaýyş çöregi Mendirin. 49Ata-babalaryňyz çölde manna iýendiklerine garamazdan, öldüler. 50Emma gökden inen bir çörek bar, ondan iýýän adam hiç ölmez. 51Gökden inen diri çörek Mendirin. Mundan iýen adam baky ýaşar. Dünýäniň ýaşaýşy üçin berjek çöregim Meniň Öz bedenimdir».
52Onsoň ýahudylar: «Bu Adam Öz bedenini bize iýmäge nähili berip biler?» diýşip, özara jedelleşmäge başladylar. 53Isa olara: «Men size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Oglunyň bedenini iýip, ganyny içmeseňiz, sizde ýaşaýyş bolmaz. 54Meniň bedenimi iýip, ganymy içen baky ýaşaýşa gowşar. Ahyrky gün Men ony direlderin. 55Meniň bedenim hakyky iýmit, ganym hakyky içgidir. 56Meniň bedenimi iýip, ganymy içýän Mende ýaşar, Men hem onda. 57Meni Diri Ata iberdi we Men Ol arkaly ýaşaýaryn. Edil şunuň ýaly, Menden iýmitlenýän-de Men arkaly ýaşar. 58Hawa, gökden inen çörek budur. Seret, bu ata-babalaryňyzyň iýen mannasy ýaly däldir. Olar manna iýseler-de, ölüp gitdiler, emma bu çöregi iýen adam baky ýaşar» diýdi. 59Ol bu sözleri Kapernaumdaky sinagogada öwredýärkä aýtdy.
Köp adamlar Isany terk edýärler
60Şägirtleriň köpüsi muny eşidip: «Bu sözler agyr. Muny kim kabul edip biler?» diýişdi. 61Isa şägirtleriň muňa hüňürdeşýänini bilip, olara: «Bu siziň janyňyza batýarmy? 62Onda siz Ynsan Oglunyň owal bolan ýerine gaýtadan çykanyny görseňiz näme diýerkäňiz? 63Ýaşaýyş berýän Ruhdur, ynsan güýjüniň peýdasy ýokdur. Meniň size aýdýan sözlerim Mukaddes Ruhdandyr we ýaşaýyş berýändir. 64Ýöne siziň araňyzda käbir iman etmeýänler bar» diýdi. Çünki Isa kimiň iman etmeýändigini we Özüne kimiň haýynlyk etjekdigini ilkibaşdan bilýärdi. 65Ol: «Atanyň Özi getirmese, hiç kim Maňa gelip bilmez diýip, Men size şonuň üçin aýtdym» diýdi. 66Şondan soň şägirtleriniň köpüsi Ondan ýüz öwürdiler we Onuň yzyna eýermegi bes etdiler. 67Şonda Isa Onkilerden: «Siz hem Meni terk etmekçimisiňiz?» diýip sorady. 68Simun Petrus Oňa: «Agam, biz Seni terk edip, başga kime baraly? Baky ýaşaýyş sözleri diňe Sende ahyryn. 69Biz Seniň Hudaýyň Mukaddesidigiňe#6:69 Biz Seniň Hudaýyň Mukaddesidigiňe – bu jümle käbir golýazmalarda Biz Seniň Mesihdigiňe, diri Hudaýyň Ogludygyňa diýip duş gelýär. ynanýarys we muny anyk bilýäris» diýip jogap berdi. 70Isa olara: «Siz Onkileri Özüm saýlap almadymmy? Muňa garamazdan, araňyzdan biri iblisdir» diýip jogap berdi. 71Ol muny Simun Iskariýodyň ogly Ýudany göz öňünde tutup aýtdy. Sebäbi Ýudas Onkileriň biri bolsa-da, soňra Isa haýynlyk etdi.

目前选定:

Ýohanna 6: TukLat16

高亮显示

分享

复制

None

想要在所有设备上保存你的高亮显示吗? 注册或登录