Lewiler 16
16
16-njy bap
Günäden saplanma güni
1-2Harunyň mukaddes däl ot bilen Rebbiň huzuryna ýakynlaşandyklary sebäpli ölen iki oglunyň ölüminden soň, Reb Musa şeýle diýdi: «Doganyň Haruna aýt, ol tutynyň aňyrsyna – iň mukaddes otaga islän wagty girmesin, ýogsam ol öler. Çünki Men Äht sandygynyň gapagynyň üstünde bulut bolup görünýändirin. 3Harun ilki bilen günä gurbanlygy üçin bir öküzçäni we ýakma gurbanlygy üçin bir goçy gurbanlyk bermezden öň iň mukaddes otaga girmeli däldir. 4Harun iň mukaddes otaga girmezinden öň suwa düşünip, nepis zygyr matadan tikilen mukaddes dony geýsin. Donuň aşagyndan zygyr matadan tikilen içki geýimleri geýsin we biline zygyr matadan edilen guşagy guşanyp, kellesine zygyr matadan selle oransyn. 5Ysraýyl halky bolsa günä gurbanlygy üçin iki erkeji we ýakma gurbanlygy üçin bir goçy ruhana getirip bersin. 6Harun özi üçin günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçäni hödürläp, özüni we maşgalasyny günälerinden saplasyn. 7Soň ol iki erkeji alyp, Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirsin. 8Onsoň Harun iki erkeç üçin bije atsyn: bir erkeç Rebbe gurbanlyk hökmünde hödürlensin, beýlekisi bolsa günä alyp gidýän erkeç bolar. 9Harun Rebbe hödür edilmeli erkeji getirip, günä gurbanlygy hökmünde hödürlesin. 10Günä alyp gidýän erkeç bolsa halky günäsinden saplamak üçin, diriligine Rebbiň huzuryna getirilip, soňra çöle kowulsyn. 11Harun özi üçin günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçäni hödürläp, özüni we maşgalasyny günälerinden saplasyn. Ol özi üçin günä gurbanlygy hökmünde bu öküzçäniň damagyny çalsyn. 12Harun Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynda ýanýan oduň közlerinden doldurylan kül atary we owradylan ýakymly ysly tütetgiden iki gysym alyp, iň mukaddes otaga girsin. 13Ýakymly ysly tütetginiň tüssesi Äht sandygynyň gapagynyň üstüni bürär ýaly, Harun ýakymly ysly tütetgini Rebbiň huzurynda oda atsyn, ýogsam ol öler. 14Soňra ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony barmagy bilen Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we Äht sandygynyň öňüne ýedi gezek sepelesin. 15Soňra Harun halk üçin günä gurbanlygyna niýetlenen erkejiň damagyny çalyp, onuň ganyny iň mukaddes otaga getirsin. Onuň ganyny-da, öküzçäniň ganyny edişi ýaly, Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we öňüne sepelesin. 16Ysraýyl halkynyň haramlyklary we olaryň bar etmişleri, günäleri zerarly Harun iň mukaddes otagy halallasyn. Ol Rebbe ýüz tutulýan öýi-de halallasyn, çünki Rebbe ýüz tutulýan bu öý murdarlykdan doly düşelgäniň ortarasyndadyr. 17Harun günäden saplamak üçin, iň mukaddes otaga girip, özüni, maşgalasyny we bütin ysraýyl halkyny günälerinden saplap, daşaryk çykýança, Rebbe ýüz tutulýan otagda hiç kim bolmasyn. 18Soňra ol çykyp, Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasyny halallasyn. Öküzçäniň we erkejiň ganyndan alyp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. 19Ol barmaklary bilen ýedi sapar gurbanlyk sypasynyň üstüne gan sepeläp, ony ysraýyl halkynyň haramlyklaryndan tämizläp, mukaddes etsin.
20Harun iň mukaddes otagy, Rebbe ýüz tutulýan öýi we gurbanlyk sypasyny halallandan soň, diri erkeji Rebbiň huzuryna getirsin. 21Onsoň Harun ellerini diri erkejiň başyna goýup, ysraýyl halkynyň bar pisliklerini, etmişlerini we günälerini boýun alsyn. Ruhany şeýle etmek bilen halkyň günäsini erkeje geçirip, ony ýörite çöle boşadyp ibermek üçin bellenen adam bilen çöle ibersin. 22Erkeç olaryň ähli ýazyklaryny göterip, adam aýagy sekmedik bir ýere äkider. Ýaňky bellenen adam erkeji boşadyp çöle ibersin.
23Şondan soň Harun Rebbe ýüz tutulýan öýe girsin-de, iň mukaddes otaga gireninde geýen nepis zygyr matadan tikilen lybaslaryny çykaryp, olary iň mukaddes otagda goýsun. 24Harun mukaddes ýerde suwa düşünip, özüniň gündelik geýýän geýimlerini geýsin. Soňra çykyp, özi üçin we halk üçin ýakma gurbanlyklaryny hödürläp, özüni hem-de halky günälerinden saplasyn. 25Ol günä gurbanlygynyň ýagyny gurbanlyk sypasynda ýaksyn. 26Günä alyp gidýän erkeji çöle goýberen adam geýimlerini ýuwup, suwa düşüneninden soň, ol düşelgä girip biler. 27Günä gurbanlygy hökmünde hödürlenen we günäden saplamak üçin ganlary iň mukaddes otaga getirilen öküzçe bilen erkejiň läşleri düşelgäniň daşyna çykarylsyn. Olaryň derisi, eti we garyn-gajagy ýakylsyn. 28Olary ýakan adam geýimlerini ýuwup, suwa düşüneninden soň, ol düşelgä girip biler.
29Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun: ýedinji aýyň#16:29 Ýewreýleriň senenamasy boýunça ýedinji aý takmynan sentýabr aýyna gabat gelýär. onunjy güni siz gije-gündiz agyz bekläp, işlemäň. Şol gün ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de işlemesin. 30Çünki şol gün siz günäleriňizden tämizlenersiňiz. Reb sizi ähli günäleriňizden tämizlär. 31Ol gün Sabat güni bolup, siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün siz gije-gündiz agyz bekläň. Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun. 32Atasynyň ýerine ruhanylyga bellenip, bagyş edilen ruhany nepis zygyr matadan tikilen mukaddes lybaslaryny geýip, sizi günäleriňizden saplasyn. 33Ol iň mukaddes otagy, Rebbe ýüz tutulýan öýi, gurbanlyk sypasyny halallap, ruhanylary we bütin ysraýyl halkyny günälerinden saplasyn. 34Ysraýyl halkyny ähli günälerinden ýylda bir gezek saplamak siziň üçin ebedilik düzgün bolsun». Musa Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi.
Currently Selected:
Lewiler 16: TukLat16
Highlight
Share
Copy
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016