Gelip çykyş 17
17
17‑nji bap
Ybraýym sünnetlenýär
1 Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol. 2Men seniň bilen äht ederin we saňa juda köp nesil bererin». 3-4Şol wagt Ybram Onuň öňünde ýüzin düşdi. Hudaý oňa şeýle diýdi: «Seniň bilen edýän ähtim, ine, şudur: sen köp milletleriň atasy bolarsyň; 5indiden beýläk seniň adyň Ybram däl-de, Ybraýym bolar, çünki Men seni köp milletleriň atasy#17:5 Ýewreýçe Ybraýym we köp milletleriň atasy diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir. edýärin. 6Men seni juda örňederin. Senden milletler hem şalar dörär. 7Men seniň bilen we seniň nesliň bilen nesilden-nesle dowam etjek ebedilik äht baglaşaryn. Men seniň hem-de seniň nesliňiň Hudaýy bolaryn. 8Häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýeriň bolan Kengan ýurduny tutuşlygyna Men saňa hem-de nesliňe ebedilik mülk edip bererin. Men olaryň Hudaýy bolaryn».
9Hudaý sözüni dowam edip, Ybraýyma şeýle diýdi: «Sen we seniň nesliň nesilden-nesle Meniň ähtimi berjaý etmelisiňiz. 10Siz Meniň sen we seniň geljekki nesliň bilen edýän ähtimiň şertlerini berjaý etmelisiňiz. Araňyzdaky erkekleriňiziň ählisini sünnetlemelisiňiz. 11Ujydyňyzyň pürçügini kesdirip, sünnetleniň. Sünnet siz bilen Meniň aramdaky ähtiň nyşany bolar. 12Mundan beýläk öz nesliňizden, şeýle hem özüňizden bolman, kesekilerden satyn alan gullaryňyzdan doglan erkek çagalaryň hemmesi sekiz günlükkä sünnetlenmelidir. 13Seniň öz hojalygyňda doglan gullaryň-da, satyn alan gullaryň-da sünnetlenmelidir. Şeýle etmek bilen, siziň teniňiz Meniň siz bilen eden ähtimiň bakydygyny görkezer. 14Ujydynyň pürçügini kesdirip, sünnetlenmedik erkek ähti bozan adam hökmünde öz halkynyň arasyndan çykarylsyn».
15Hudaý Ybraýyma: «Indi aýalyňyň adyny Seraý diýip tutma. Mundan beýläk onuň ady Sara#17:15 Sara – bu söz melike diýmegi aňladýar. bolar. 16Men Sarany ýalkaryn; ondan saňa bir ogul hem bererin. Men Sarany ýalkaryn; ol ençeme milletleriň enesi bolar. Onuň neslinden şalar dörär» diýdi. 17Ybraýym Onuň öňünde ýüzin düşdi; soňra ol gülüp, içinden: «Ýüz ýaşyndaky adamdanam, heý, çaga doglarmy?! Togsan ýaşyndaky Sara-da bir çaga dogrup bilermi?!» diýdi. 18Soňra Ybraýym ýene Hudaýa: «Ysmaýyly mirasdarym hökmünde kabul etsediň!» diýdi. 19Hudaý şeýle diýdi: «Ýok! Hut öz aýalyň Sara saňa bir ogul dogrup berer. Sen onuň adyna Yshak#17:19 Yshak – bu söz ol gülýär diýmegi aňladýar. dakarsyň. Men onuň özi we tutuş nesli bilen ebedilik äht baglaşaryn. 20Men seniň Ysmaýyl hakda aýdanyňy-da eşitdim. Men Ysmaýyly ýalkap, örňedip, ony juda köpelderin. Ondan on iki sany tirebaşy dörär. Men Ysmaýyldan uly millet dörederin. 21Emma Men Öz ähtimi geljek ýylyň hut şu pursadynda Saradan doguljak Yshak bilen baglaşaryn». 22Hudaý Ybraýym bilen eden gürrüňini tamamlap ýokary göterildi.
23 Ybraýym Hudaýyň özüne buýruşy ýaly, hojalygyndaky erkekleriň hemmesini, ogly Ysmaýyly, öz hojalygynda doglan gullary we satyn alan gullaryny hut şol günüň özünde sünnetledi. 24Ybraýym togsan dokuz ýaşynda sünnetlendi. 25-26Onuň ogly Ysmaýyl on üç ýaşynda sünnetlendi. Ybraýym bilen onuň ogly Ysmaýyl bir günde sünnetlendi. 27Ybraýymyň hojalygyndaky erkekleriň ählisi, onuň hojalygynda doglan gullary-da, kesekilerden satyn alan gullary-da onuň bilen bile sünnetlendiler.
Àwon tá yàn lọ́wọ́lọ́wọ́ báyìí:
Gelip çykyş 17: TukLat16
Ìsàmì-sí
Pín
Daako
Ṣé o fẹ́ fi àwọn ohun pàtàkì pamọ́ sórí gbogbo àwọn ẹ̀rọ rẹ? Wọlé pẹ̀lú àkántì tuntun tàbí wọlé pẹ̀lú àkántì tí tẹ́lẹ̀
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

: