Gelip çykyş 18
18
18‑nji bap
Üç myhman
1Bir gün Günüň jokrama yssy wagtynda Ybraýym Mamräniň dub tokaýjygynyň ýanyndaky çadyrynyň agzynda otyrka, oňa Reb göründi. 2Ybraýym töweregine seredip, aňyrrakda üç kişiniň durandygyny gördi. Ybraýym olary gören badyna, garşylamak üçin çadyrynyň agzyndan olara tarap ylgady. Ol iki bükülip, olara tagzym etdi. 3Ybraýym şeýle diýdi: «Eý, jenabym, eger men siziň göwnüňizden turan bolsam, onda öz guluňyzyň duşundan sowlup geçmäň. 4Men size aýagyňyzy ýuwar ýaly suw getirdeýin. Şu agajyň aşagynda dem-dynjyňyzy alaýyň. 5Size güýç-kuwwat berer ýaly bir bölek nan getireýin, çünki ýoluňyz bendäňiziň üstünden düşdi ahyryn! Soňra ýoluňyzy dowam etdirersiňiz». Olar: «Aýdyşyň ýaly edäý» diýdiler. 6Ybraýym howlukmaç çadyra, Saranyň ýanyna geldi-de, oňa: «Derrew üç kersen oňat undan hamyr ýugur-da, nan ýap» diýdi. 7Soňra Ybraýym mallaryna tarap ylgady-da, sürüden ýaş hem semiz bir göläni saýlap, ony hyzmatkär ýigide berdi. Onsoň hyzmatkär dessine nahar taýýarlamaga girişdi. 8Ybraýym gatyk, süýt hem bişirilen göläniň etini getirip, adamlaryň öňünde goýdy. Myhmanlar naharlandylar. Ybraýymyň özi bolsa olaryň ýanynda agajyň aşagynda durdy.
9Adamlar Ybraýymdan: «Aýalyň Sara nirede?» diýip soradylar. Ybraýym: «Sara ol taýda, çadyrda» diýip jogap berdi. 10Olaryň biri: «Indiki ýyl şu wagtlar men seniň ýanyňa ýene dolanyp gelerin we oňa çenli aýalyň Saradan bir ogul bolar» diýdi. Sara onuň arkasyndaky çadyryň agzynda bularyň gürrüňini diňläp durdy. 11Ybraýym bilen Saranyň ikisiniň-de ýaşlary birçene barypdy; olar örän garrapdylar. Sarada aýbaşy gelmesi kesilipdi. 12Şoňa görä Sara içinden gülüp: «Men-de, adamym-da garry; şu ýaşdan soň men beýle şatlyga eýe bolup bilerinmi?!» diýdi. 13Şonda Reb Ybraýymdan: «Näme üçin Sara „Şu ýaşdan soň men, heý, çaga dogrup bilerinmi?!“ diýip güldi?» diýip sorady. 14«Rebbiň başarmajak zady barmy?! Bellenen wagtda, indiki ýyl şu wagtlar ýanyňa dolanyp gelenimde, Saranyň bir ogly bolar» diýdi. 15«Men gülmedim» diýip, Sara gorkusyna boýun almady. Reb: «Ýok, sen güldüň» diýdi.
Ybraýym Sodom üçin ýalbarýar
16Adamlar turup, Sodoma tarap ýola düşdüler. Ybraýym hem olary ugratmak üçin olar bilen bile gitdi. 17Reb şeýle diýdi: «Etjek bolýan işimi Ybraýymdan gizläýinmi?! 18Ybraýymdan beýik hem güýçli bir millet dörär. Ýer ýüzüniň ähli milletleri Ybraýymdan pata alarlar. 19Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin». 20Soňra Reb Ybraýyma: «Halkyň Sodom bilen Gomoranyň garşysyna edýän ahy-nalasyny eşitdim; olaryň günäleri juda agyrdyr. 21Men aşak düşüp göreýin. Olaryň etmişi, hakykatdan-da, Maňa ýetişi ýaly erbetmikä? Men anyklaýyn» diýdi.
22Şeýdip, adamlar ol ýerden gaýdyp, Sodoma tarap ýola düşdüler. Ybraýym bolsa Rebbiň huzurynda durdy. 23Ol Rebbe golaýlaşyp, Oňa şeýle diýdi: «Sen beýtseň, günäliniň oduna bigünä-de ýanmazmy?! 24Aýdaly, galada elli sany bigünä bar. Şol elli sany bigünä adamyň haky üçin oňa haýpyň gelmezmi? Sen şonda-da galany weýran edermiň? 25Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!» 26Reb: «Eger-de Sodom galasyndan elli sany bigünä adam tapsam, onda Men olaryň hatyrasyna tutuş galany diri galdyraryn» diýdi. 27Ybraýym oňa şeýle ýüzlendi: «Seniň öňüňde tozdur kül kimin bolsam-da, men Sen Taňrym bilen gepleşmäge ýürek edýän. 28Eger galadaky bigünäleriň sany kyrk bäş bolaýsa, şonda nädersiň? Bäş adamyň kemterlik edýändigi üçin Sen tutuş galany weýran edermiň?» Ol Ybraýyma: «Eger-de Men ol ýerden kyrk bäş sany bigünäni tapsam, onda ony weýran etmerin» diýip jogap berdi. 29Ybraýym Ondan ýene-de: «Aýdaly, galadan diňe kyrk sanysy tapylýar, onda näme?» Ol: «Eger Men ol ýerden kyrk sany bigünä tapsam, onda ony weýran etmerin» diýdi. 30Onsoň Ybraýym Taňra ýüzlenip: «Eý, Taňrym, geplesem maňa gaharyň gelmesin. Aýdaly, galadan otuz sanysy tapylýar, onda näme?» diýdi. Reb: «Eger ol ýerden otuz sany bigünä tapsam, onda Men ony weýran etmerin» diýdi. 31Ybraýym ýene-de ýüzlenip: «Men Sen Taňrym bilen gepleşmäge ýürek edýän. Aýdaly, galada ýigrimi sany bigünä bar» diýdi. Taňry: «Ýigrimi sany bigünäniň hatyrasy üçin Men galany weýran etmerin» diýdi. 32Ybraýym: «Eý, Taňrym, maňa gaharyň gelmesin! Men iň soňky gezek Saňa ýüz tutýaryn. Aýdaly, galada bary-ýogy on sany bigünä bar» diýdi. Taňry: «On bigünäniň hatyrasy üçin Men ony weýran etmerin» diýip jogap berdi.
33Reb Ybraýym bilen gürrüňini tamamlandan soň, onuň ýanyndan gitdi. Ybraýym bolsa öýüne dolanyp geldi.
Àwon tá yàn lọ́wọ́lọ́wọ́ báyìí:
Gelip çykyş 18: TukLat16
Ìsàmì-sí
Pín
Daako
Ṣé o fẹ́ fi àwọn ohun pàtàkì pamọ́ sórí gbogbo àwọn ẹ̀rọ rẹ? Wọlé pẹ̀lú àkántì tuntun tàbí wọlé pẹ̀lú àkántì tí tẹ́lẹ̀
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

: