Gelip çykyş 22

22
22‑nji bap
Hudaý Ybraýymy synaýar
1Şol wakalardan soň Hudaý Ybraýymy synady. Hudaý oňa: «Ybraýym!» diýip seslendi. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi. 2Hudaý: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» diýdi. 3Ybraýym daň bilen turup, eşegini gaňňalady. Öz hyzmatkärlerinden ikisini hem-de Yshagy ýanyna aldy; ýakma gurbanlygy üçin odun döwüşdirdi we Hudaýyň özüne aýdan ýerine gitdi. 4Üçülenji gün Ybraýym ol ýeri uzakdan gördi. 5Ybraýym hyzmatkärlerine: «Siz şu ýerde, eşegiň ýanynda galyň. Oglum ikimiz beýleräge gidip, sežde edip, onsoň yzymyza dolanyp geleris» diýdi. 6-7Ol ýakma gurbanlygy üçin niýetlenen odunlary ogly Yshagyň omzuna goýdy, ot bilen pyçagy bolsa Ybraýymyň özi göterdi. Şeýdip, ikisi tirkeşip gitdiler. Olar gidip barýarkalar, Yshak birden: «Kaka!» diýip, Ybraýyma ýüzlendi. Ybraýym: «Näme, oglum?» diýdi. Yshak: «Ot-da, odun-da bar, ýöne ýakma gurbanlygy üçin janly nirede?» diýdi. 8Ybraýym: «Ýakma gurbanlyk janlysy bilen Hudaýyň özi üpjün eder, oglum» diýip jogap berdi. Olar ýollaryny dowam etdirdiler.
9Olar Hudaýyň Ybraýyma görkezen ýerine gelip ýetdiler. Ybraýym ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasady. Odunlary onuň üstüne üýşürdi we ogly Yshagy daňyp, ony odunlaryň üstünde ýatyrdy. 10Soňra ogluny gurban etmek üçin pyçagyny eline aldy. 11Onsoň Rebbiň perişdesi oňa gökden: «Ybraýym! Ybraýym!» diýip gygyrdy. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi. 12Perişde: «Oglana el gatma, oňa hiç zat etme. Indi Men seniň Hudaýdan gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmadyň» diýdi. 13Şol wagt Ybraýym başyny galdyryp, aňyrrakda gyrymsy agaçlaryň gür şahalaryna şahy çolaşan bir goçuň durandygyny gördi. Ybraýym baryp goçy tutdy we ony oglunyň deregine Rebbe ýakma gurbanlyk edip berdi. 14Ybraýym bu ýere «Ýahwe ýire#22:14 Ýahwe ýire – bu sözlem Reb üpjün edýär diýmegi aňladýar.» diýip at goýdy. (Häzirki aýdylýan «Rebbiň dagynda üpjün edilýär» diýen söz hem şondan galandyr.)
15Rebbiň perişdesi gökden Ybraýymy ikinji gezek çagyryp, 16oňa: «Reb şeýle diýýär: „Men Öz adymdan ant içýärin. Seniň bu işi edendigiň üçin, ýagny öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmandygyň üçin, 17Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar. 18Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriň arkaly pata alarlar“» diýdi.
19 Ybraýym hyzmatkärleriniň ýanyna gaýdyp geldi. Olar ol ýerden Beýerşeba gaýtdylar. Ybraýym Beýerşebada ýaşady.
20Şol wakalardan soň Ybraýyma şeýle habar geldi: «Doganyň Nahoryň aýaly Milka oňa ençeme ogul dogrup berdi. 21Onuň nowbahar oglunyň ady Us, ondan kiçisi Büz, soňra Kemuwal, (bu Aramyň kakasydyr), 22Keset, Hazo, Pildaş, Ýidlap hem Betuwel. 23Betuwelden Rebeka doguldy». Milka şu sekiz ogly Ybraýymyň dogany Nahora dogrup berdi. 24Onuň Rewuma atly gyrnak aýaly-da Tebany, Gahamy, Tahaşy hem-de Magakany dogurdy.

Àwon tá yàn lọ́wọ́lọ́wọ́ báyìí:

Gelip çykyş 22: TukLat16

Ìsàmì-sí

Pín

Daako

None

Ṣé o fẹ́ fi àwọn ohun pàtàkì pamọ́ sórí gbogbo àwọn ẹ̀rọ rẹ? Wọlé pẹ̀lú àkántì tuntun tàbí wọlé pẹ̀lú àkántì tí tẹ́lẹ̀