1
Gelip çykyş 22:14
Mukaddes Kitap
Ybraýym bu ýere «Ýahwe ýire» diýip at goýdy. (Häzirki aýdylýan «Rebbiň dagynda üpjün edilýär» diýen söz hem şondan galandyr.)
Ṣe Àfiwé
Ṣàwárí Gelip çykyş 22:14
2
Gelip çykyş 22:2
Hudaý: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» diýdi.
Ṣàwárí Gelip çykyş 22:2
3
Gelip çykyş 22:12
Perişde: «Oglana el gatma, oňa hiç zat etme. Indi Men seniň Hudaýdan gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmadyň» diýdi.
Ṣàwárí Gelip çykyş 22:12
4
Gelip çykyş 22:8
Ybraýym: «Ýakma gurbanlyk janlysy bilen Hudaýyň özi üpjün eder, oglum» diýip jogap berdi. Olar ýollaryny dowam etdirdiler.
Ṣàwárí Gelip çykyş 22:8
5
Gelip çykyş 22:17-18
Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar. Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriň arkaly pata alarlar“» diýdi.
Ṣàwárí Gelip çykyş 22:17-18
6
Gelip çykyş 22:1
Şol wakalardan soň Hudaý Ybraýymy synady. Hudaý oňa: «Ybraýym!» diýip seslendi. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.
Ṣàwárí Gelip çykyş 22:1
7
Gelip çykyş 22:11
Onsoň Rebbiň perişdesi oňa gökden: «Ybraýym! Ybraýym!» diýip gygyrdy. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.
Ṣàwárí Gelip çykyş 22:11
8
Gelip çykyş 22:15-16
Rebbiň perişdesi gökden Ybraýymy ikinji gezek çagyryp, oňa: «Reb şeýle diýýär: „Men Öz adymdan ant içýärin. Seniň bu işi edendigiň üçin, ýagny öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmandygyň üçin
Ṣàwárí Gelip çykyş 22:15-16
9
Gelip çykyş 22:9
Olar Hudaýyň Ybraýyma görkezen ýerine gelip ýetdiler. Ybraýym ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasady. Odunlary onuň üstüne üýşürdi we ogly Yshagy daňyp, ony odunlaryň üstünde ýatyrdy.
Ṣàwárí Gelip çykyş 22:9
Ilé
Bíbélì
Àwon ètò
Àwon Fídíò