Logótipo YouVersion
Ícone de pesquisa

Müsürden çykyş 1

1
1‑nji bap
Müsürliler ysraýyllary ezýärler
1Ine, Ýakubyň Müsüre öz tutuş hojalyklary bilen gelen ogullarynyň atlary: 2Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda, 3Ysakar, Zebulun, Benýamin, 4Dan, Naftaly, Gat, Aşer. 5Ýakubyň ähli nesilleriniň sany jemi ýetmişdi. Ýusup eýýäm Müsürdedi. 6Wagtyň geçmegi bilen Ýusup we onuň ähli erkek doganlary, onuň döwürdeşleri dünýäden ötdi. 7Emma ysraýyl ogullarynyň nesilleriniň tohum-tiji ýaýrap köpeldiler we olaryň sany juda artdy, şoňa görä hem tutuş Müsür olardan doludy.
8Indi bolsa Müsür tagtyna Ýusup hakynda hiç zat bilmeýän başga bir täze patyşa çykdy. 9Ol patyşa öz halkyna ýüzlenip: «Serediň, bize görä ysraýyllaryň sany köp we güýçli. Bu biziň üçin howply. 10Olar mundan artyk köpelmez ýaly, geliň, mekirlik bilen olaryň soňuna çykalyň. Ýogsam, uruş turaýsa, olar duşmanymyzyň tarapyna goşulyp, bize garşy söweşmekleri we biziň ýurdumyzdan çykyp gitmekleri mümkin» diýdi. 11Şeýlelikde, müsürliler ysraýyllary mejbury işledip, olary ezmek üçin, olaryň üstünden hojaýynlar bellediler. Ysraýyllar faraon üçin Pitom we Ragmeses diýen galla saklanýan galalary gurdular. 12Emma müsürliler ysraýyllara näçe zulum etseler-de, olar öňküsinden-de has köpeldiler we olaryň sany juda artdy. Müsürlileriň ysraýyllardan susty basyldy. 13-14Şeýdip, olar ysraýyllary zalymlyk bilen ezip, olary laý we kerpiç ýaly agyr işlerde, her hili meýdan işlerinde işledip, olaryň durmuşyny ajy ýaşaýşa öwürdiler. Ähli agyr işlerde olara rehimsizlik bilen sütem etdiler.
15Soňra biriniň adyna Şipra, beýlekisiniň adyna Puga diýilýän iki sany ýewreý göbegenelerine Müsür patyşasy şeýle diýdi: 16«Siz ýewreý aýallaryna göbegene bolup hyzmat edýän wagtyňyz, serediň, eger ogul dogursalar, ol bäbegi öldüriň, eger gyz dogursalar, goý, onda ol ýaşabersin». 17Emma bu göbegeneler Hudaýdan gorkýan aýallar eken, olar Müsür patyşasynyň buýruşy ýaly etmän, gaýtam, erkek doglan çagalary-da diri galdyrypdyrlar. 18Şonuň üçin hem, Müsür patyşasy şol göbegeneleri ýanyna çagyryp, olardan: «Näme üçin siz beýle etdiňiz, erkek doglan çagalary hem diri galdyrdyňyz?» diýip sorady. 19Göbegeneler faraona: «Sebäbi ýewreý aýallary Müsür aýallary ýaly däl, olar dogumly, olaryň ýanyna göbegene gelip ýetýänçä, olaryň özleri dograýýarlar» diýdiler. 20Hudaý hem bu göbegenelere garaşyk etdi, şeýdip, ysraýyl halky has köpeldi we güýçlendi. 21Göbegeneleriň Hudaýdan gorkýandygy sebäpli, Hudaý olara-da uly maşgala berdi. 22Soňra faraon ähli müsürlilere: «Ýewreýlerden doglan her bir ogul bäbegi alyp, Nil derýasyna taşlaň, emma gyz bäbek bolsa, goý, ol ýaşabersin» diýip buýruk berdi.

Atualmente selecionado:

Müsürden çykyş 1: TukLat16

Destaque

Partilhar

Copiar

None

Quer salvar os seus destaques em todos os seus dispositivos? Faça o seu registo ou inicie sessão