Gelip çykyş 21
21
21‑nji bap
Yshak dogulýar
1 Reb edil aýdyşy ýaly, Sara beren wadasyny berjaý etdi. 2Sara göwreli bolup, Ybraýymyň garran çagynda oňa bir ogul dogrup berdi. 3Ybraýym özüniň Saradan bolan oglunyň adyna Yshak dakdy. 4Hudaýyň buýruşy ýaly, Ybraýym Yshagy sekiz günlükkä sünnetledi. 5Ogly Yshak doglanda, Ybraýym ýüz ýaşyndady. 6Sara: «Hudaý maňa begenç hem gülki getirdi. Oglumyň bolandygyny eşiden her kişi meniň bilen bile gülşer. 7Ybraýyma Sara çaga emdirer diýen bolsa, muňa ynanan tapylarmydy?! Emma, ine, ol gojalansoň, men oňa ogul dogrup berdim» diýdi. 8Çaga ulaldy, ony süýtden aýyrdylar. Şol gün, ýagny Yshagyň süýtden aýrylan güni Ybraýym uly toý tutdy.
Hajar bilen Ysmaýyl kowulýarlar
9Asly müsürli Hajaryň Ybraýymdan bolan oglunyň öz ogly Yshagyň üstünden gülýänini Sara gördi. 10Ol Ybraýyma: «Bu gyrnagy ogly bilen bile çykaryp kow. Gyrnagyň ogly oglum Yshak bilen mirasymyzy paýlaşmaz» diýdi. 11Emma ogly baradaky bu mesele Ybraýyma juda agyr degdi. 12Hudaý Ybraýyma şeýle diýdi: «Sen ogluň we gyrnagyň üçin gamlanma. Sara näme et diýse, şony-da et, çünki seniň adyň Yshagyň nesli arkaly dowam eder. 13Gyrnagyňdan bolan ogluňdan hem bir millet ýaradaryn, çünki ol-da seniň perzendiňdir». 14Ybraýym daň bilen turdy-da, biraz nan hem bir meşik suw alyp, olary Hajaryň egnine atdy. Ol oglany Hajaryň gözegçiligine berip, ony goýberdi. Hajar gidip, Beýerşebanyň çölünde esli wagt entedi.
15Meşikdäki suw tükendi. Hajar oglany bir gyrymsy agajyň aşagynda taşlap gitdi. 16«Oglumyň ölenini bir görmäýin» diýip, gidip, oglundan okýetim uzaklykda oturyp, içigip-içigip aglady. 17-18Hudaý oglanyň sesini eşitdi. Hudaýyň perişdesi gökden Hajary çagyryp: «Hajar, näme boldy? Gorkma, Hudaý oglanyň sesini eşitdi. Bar, oglany ýerinden galdyr-da, elinden tut. Men ondan bir beýik millet ýaradaryn» diýdi. 19Hudaý Hajaryň gözüni açdy we ol bir suwly guýyny gördi. Ol baryp, guýudan meşigini doldurdy-da, ondan ogluna içirdi.
20Hudaý ol oglan bilen biledi. Ol ulalyp, çölde ýaşap, ökde kemançy bolup ýetişdi. 21Oglan Paran çölünde ýaşaýardy. Ejesi ony müsürli bir gyza öýerdi.
Ybraýym bilen Abymelek äht edişýärler
22Şol döwürde Abymelek patyşa öz harby serkerdesi Pikol bilen bile Ybraýymyň ýanyna baryp, oňa: «Ähli işde Hudaý seniň bilen biledir. 23Sen maňa meniň tohum-tijime biwepalyk etmejekdigiňe, meniň saňa wepaly bolşum ýaly, seniň-de maňa we öz gelmişek bolup ýaşaýan ýurduňa wepaly boljakdygyňa sen Hudaýdan ant iç» diýdi. 24Ybraýym: «Ant içýärin» diýdi.
25Soňra Abymelegiň gullarynyň özünden suwly guýyny zor bilen alandyklary üçin Ybraýym oňa närazylyk bildirdi. 26Abymelek oňa: «Muny men şu wagt eşidýärin. Ony kimiň edendiginden habarym ýok. Sen muny maňa habar bermediň» diýdi. 27Ybraýym Abymelege ownukly-irili mal berdi. Olar özara äht baglaşdylar. 28Ybraýym ýedi sany guzyny sürüden çykaryp, aýry goýdy. 29Patyşa Ybraýymdan: «Näme üçin beýdýärsiň?» diýip sorady. 30Ol: «Sen şu ýedi guzyny menden al. Şeýle etmek bilen sen şol guýyny meniň gazdyrandygyma şaýatlyk edersiň» diýdi. 31Olar bu guýyny Beýerşeba#21:31 Beýerşeba – bu söz ant guýusy ýa-da ýediniň guýusy diýmegi aňladýar. diýip atlandyrdylar, çünki bu ýerde olar özara ant içişipdiler. 32Olar Beýerşebada äht baglaşanlaryndan soň, Abymelek öz harby serkerdesi Pikol bilen ol ýerden öz ýurduna, piliştlileriň topragyna dolandy. 33Ybraýym Beýerşebada bir sany ýylgyn ekip, ol ýerde Baky Hudaý Rebbe ybadat etdi. 34Ybraýym piliştlileriň ýurdunda uzak wagtlap gelmişek bolup ýaşady.
Àwon tá yàn lọ́wọ́lọ́wọ́ báyìí:
Gelip çykyş 21: TukLat16
Ìsàmì-sí
Pín
Daako
Ṣé o fẹ́ fi àwọn ohun pàtàkì pamọ́ sórí gbogbo àwọn ẹ̀rọ rẹ? Wọlé pẹ̀lú àkántì tuntun tàbí wọlé pẹ̀lú àkántì tí tẹ́lẹ̀
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016